Er­tir Du­baý­da BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň 28-nji kon­fe­ren­si­ýa­sy COP28 öz işi­ne baş­lar. Ho­wa­nyň go­ra­gy bo­ýun­ça dün­ýä­dä­ki öňe­gi­diş­li­ge ba­ha ber­mek üçin, COP kon­fe­ren­si­ýa­sy­na gat­naş­ýan de­le­gat­lar “ne­ti­je­le­ri jem­le­me­gi” gün ter­ti­bi­ne gi­riz­di­ler. Bu çä­re şu gü­ne çen­li ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri, par­nik gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş ta­gal­la­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Bu ne­ti­je­ler il­kin­ji ge­zek COP28 kon­fe­ren­si­ýa­syn­da jem­le­ner. Onuň bar­şyn­da ho­wa mak­sat­la­ry­na ta­rap ösü­şe ba­ha ber­mek we ze­rur ädim­le­ri kes­git­le­mek üçin kon­wen­si­ýa gat­na­şy­jy döw­let­le­riň we beý­le­ki gat­na­şy­jy­la­ryň öň­ki ta­gal­la­la­ry we ne­ti­je­le­ri öw­re­ni­ler.
Glo­bal ýy­ly­ly­gy se­na­gat­dan öň­ki de­re­je­den 1,5 de­re­je çen­li çäk­len­dir­mek bo­ýun­ça Pa­ri­žiň kli­mat mak­sat­la­ry­na ýet­mek he­ni­zem kä­bir ta­gal­la­la­ry ta­lap ed­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, kli­mat çök­gün­li­gi­niň öňü­ni al­mak üçin dün­ýä ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ňyn­dy­la­ry has-da azalt­ma­ly we hat­da 2030-njy ýy­la çen­li iki es­se azalt­ma­ly bo­lar.
COP çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa gat­naş­ýan 198 döw­le­ti öz içi­ne al­ýar. Döw­le­te de­giş­li däl gu­ra­ma­la­ryň 3 müň­den gow­ra­gy syn­çy de­re­je­si­ne eýe. COP-yň işi­ne BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi Bonn­da ýer­leş­ýän sek­re­ta­ria­ty (Uni­ted Na­tions Fra­me­work Conven­ti­on on Cli­ma­te Chan­ge, UNFCCC), ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Bü­tin­dün­ýä ho­wa kon­fe­ren­si­ýa­sy 30-njy no­ýabr­dan 12-nji de­kabr ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.