28-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-azer­baý­jan to­pa­ry­nyň 7-nji mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip ýur­du­my­za ge­len Azer­baý­ja­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Mi­ka­il Jab­ba­ro­wy ka­bul et­di.

Myh­man döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Döw­let baş­tu­ta­ny­myz we myh­man hä­zir­ki wagt­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk giň ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär di­ýip nyg­ta­dy­lar. Şeý­le hem ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ul­gam­lar­da öza­ra he­re­ket­le­ri ös­dür­mek bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy eda­ra hök­mün­de Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-azer­baý­jan to­pa­ry­nyň or­nu­ny ber­kit­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de söh­bet­deş­ler gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän gel­je­gi uly ugur­la­ryň bir­nä­çe­sin­de uzak möh­let­le­ýin­lik, öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da gu­ral­ýan däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Şun­da goň­şy ýurt­la­ry­my­zyň çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Bu bol­sa hal­ka­ra de­re­je­de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni iber­mek, de­ňiz port­la­ry­nyň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň, Ha­zar deň­zi ar­ka­ly ýük da­şa­ma­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge, en­çe­me ýurt­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek­dä­ki hyz­mat­daş­ly­ga, şeý­le hem kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ra de­giş­li­dir.
Söh­bet­deş­ler me­de­ni, ylym, bi­lim ugur­ly ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Bu ul­gam­lar iki do­gan­lyk hal­kyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly esa­sy bo­lup dur­ýar.