Film­ler­de ýa-da te­le­se­ri­al­lar­da gör­ýän we wi­zu­al ef­fekt­ler di­ýip ha­sap­la­ýan kä­bir sah­na­la­r ha­ky­kat­dan hem te­bi­gat­da bar. Yn­san­lar­da «Müm­kin däl» di­ýen pi­ki­ri dö­red­ýän owa­dan peý­zaž­lar her ýyl müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Kä­bi­ri­ne bar­mak aň­sat, kä­bi­ri­ne kyn. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, sy­ýa­hat­çy­lar ulag­ly we py­ýa­da ýol ge­çip, te­bi­ga­tyň owa­dan sah­na­la­ry­nyň jan­ly şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­dä­ki haý­ran gal­dy­ry­jy peý­zaž­la­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Hal­ler­bos to­ka­ýy. Bel­gi­ýa­da­ky Hal­ler­bo­syň gök öwüs­ýän to­kaý­la­ry ýaz pas­lyn­da di­ňe bir­nä­çe hep­de jan­lan­ýar we soň ýe­ne ýap­rak­la­ry­ny dök­ýär. Ho­wa şer­ti­ne la­ýyk­lyk­da üýt­gäp dur­ýan to­kaý be­new­şe, mä­mi­şi gül­ler­den dü­zü­len «ha­ly» bi­len ör­tül­ýär. Bu tokaý Bel­gi­ýa bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp su­ra­ta düş­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
Noýş­wanş­taýn ga­la­sy. Ger­ma­ni­ýa­da­ky Neýş­wanş­teýn ga­la­sy er­te­ki­ler­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan köşk ga­la­la­ry­na meň­ze­ýär. Her ýyl tak­my­nan, 1,5 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul ed­ýän bu ga­la 1886-njy ýyl­da açyl­ýar. Bu ýe­re gel­ýän myh­man­lar öz­le­ri­ni er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­lar.
Me­teo­ra yba­dat­ha­nasy. Ga­dy­my grek siwi­li­za­si­ýa­syn­dan ga­lan köp san­ly yba­dat­ha­na we şä­her ha­ra­ba­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da ga­ýa­nyň çür de­pe­sin­dä­ki Me­teo­ra gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Gur­lu­şy­gy XIV asyr­dan XIX asy­ra çen­li do­wam eden yba­dat­ha­na top­lu­my Gre­si­ýa­nyň Atos da­gyn­da ýer­leş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar bir­nä­çe gün­läp py­ýa­da ýö­rän­le­rin­den soň dag de­pe­sin­dä­ki Me­teo­ra bar­ýar­lar. Ja­han­keş­de­ler grek­le­riň bu bi­na­ny nä­me üçin da­gyň de­pe­sin­de gu­ran­dyk­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar­lar.
Mer­mer go­wak­la­ry. Iň ga­dy­my adam­la­ryň ýa­şan ýe­ri ha­sap­lan­ýan mer­mer go­wak­la­ry Ar­gen­ti­na bi­len Çi­li­niň ser­he­din­dä­ki Pa­ta­go­niýa se­bi­tin­de ýer­leş­ýär. Adat­dan da­şa­ry ho­wa ha­dy­sa­la­ry­nyň me­ka­ny bo­lan mer­mer go­wak­la­ry 6 müň ýyl­dan gow­rak wagt­da kal­siý kar­bo­nat ga­ýa­la­ry­nyň ero­zi­ýa­sy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Bu go­wak­la­ra di­ňe ga­ýyk­ly baryp bol­ýar.
Tol­kun ga­ýa­la­ry. Ari­zo­na­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky tol­kun ga­ýa­la­ry­ny göresi gelýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sany köp. Her ýyl di­ňe 20 ada­ma aý­lan­ma­ga rug­sat be­ril­ýän tol­kun ga­ýa­la­ry suw bi­len çä­gä­niň ga­ryş­ma­gy esa­syn­da eme­le ge­lip­dir. Bir­nä­çe asyr­la­ryň do­wa­myn­da ýe­liň tä­si­ri bi­len gyl­gylt çä­gä­niň ýü­zün­de egrem-bugram çu­kur­la­ryň, ga­ýa­la­ryň eme­le ge­len­di­gi aý­dyl­ýar.
Sankt-Ba­zil so­bo­ry. Dün­ýä­de iň köp su­ra­ta dü­şü­ril­ýän bi­na­la­ryň bi­ri hem Mosk­wa­nyň Gy­zyl meý­dan­ça­syn­da­ky Sankt-Ba­zil so­bo­ry­dyr. Sankt-Ba­zil so­bo­ry XVI asy­ryň or­ta­la­ryn­da gur­lup­dyr. Şu­ňa meň­zeş bi­na Mosk­wa­nyň beý­le­ki ýer­le­rin­de duş gel­me­ýär. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lan Sankt-Ba­zil Mosk­wa­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da mu­ze­ýe öw­rü­len bu bi­na her ýyl müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Çžansz­ýaý­ze seýilgähi. 2009-njy ýyl­da­ky «Awa­tar» fil­mi­niň wi­zu­al ef­fekt­ler to­pa­ry Çžansz­ýaý­ze mil­li se­ýil­gä­hi­niň owa­dan gö­zel­li­gin­den ýo­kar­da bir pla­ne­ta dö­ret­di­ler. Se­ýil­gä­hiň esa­sy sü­tün­le­rin­den bi­ri bo­lan «Gü­nor­ta as­man sü­tü­ni» «Awa­tar» fil­min­den soň, «Awatar-Hal­le­lu­jah da­gy» ady­ny al­dy. Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän bu se­ýil­gäh­de 3 müň­den gow­rak ga­ýa bo­lup, ola­ryň üç­den bi­ri 200 metr­den be­ýik­dir. Se­ýil­gäh­dä­ki až­dar­ha lif­ti, as­man köp­rü­si we ga­ýa­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýan py­ýa­da köp­rü­si be­ýik­li­gi go­wy gör­ýän sy­ýa­hat­çy­lar üçin iň tä­sir­li baş­dan­ge­çir­me­le­riň bi­ri­dir.
Üç şag­la­wuk. Is­lan­di­ýa düz­lük­ler­den yba­rat wul­kan ada­la­ryn­dan eme­le ge­lip­dir. Ýa­şyl meý­dan­la­ry özün­de je­m­le­ýän Is­lan­di­ýa­nyň gü­nor­ta bö­le­gi te­bi­gy gur­lu­şy bi­len gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýär. Sel­ja­lands­foss, Hai­foss we Gull­foss şar­la­wuk­la­ry owa­dan peý­za­žy eme­le ge­ti­rip, su­wuň «dö­re­di­ji­lik aý­ra­tyn­ly­gy­ny» gör­kez­ýär.