29–30-njy noýabrda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçysy Ý.Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary boldy.
Saparyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň (Adalatçy) ýolbaşçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde tejribe alyşmak, şeýle hem milli hukuk goraýjy edaranyň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.
Türkmen tarapy merkezi edaranyň alyp barýan ugurlary, onuň düzüm birlikleri we sebitleýin edaralarynyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Gruziýanyň Ýörite derňew gullugynyň, Adam hukuklary boýunça merkeziň we beýleki degişli edaralaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.