29-njy noýabrda J.Balasagyn adyndaky Gyrgyzystanyň milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky (Bişkek ş.) Ilçihanasy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol guraldy.
Tegelek stoluň işine Ilçihananyň wekilleri, GMU-niň ýolbaşçylary, şeýle hem ady agzalan ýokary okuw jaýynyň ylmy-mugallymlar topary we uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň möhüm ornuny bellediler we görnükli türkmen şahyrynyň we Gündogaryň akyldarynyň işini gorap saklamagyň zerurlygy barada umumy pikiri aýtdylar.
Şeýle hem filosof-şahyryň döredijilik zehininiň, filosofiki taglymatlarynyň nesillere ylham bermegini dowam etdirýändigi, türkmen medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine, şeýle hem ählumumy gymmatlyklaryň wagyz edilmegine goşan goşandy üçin aýratyn üns berilmäge mynasypdygy bellenildi.