A.S.Puş­kin adyn­da­ky Döw­let rus dra­ma te­at­ry­nyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry A.N.Ost­rows­ki­niň ady­bir ese­ri­niň esa­syn­da «Mö­jek­ler we go­ýun­lar» at­ly tä­ze spek­tak­ly­ny sah­na­laş­dyr­dy. Ko­me­di­ýa žan­ryn­da­ky spek­tak­lyň re­žiss­ýor-go­ýu­jy­sy Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ol­ga Wol­ko­wa­dyr.
«Mö­jek­ler we go­ýun­lar» 1875-nji ýyl­da ýa­zy­lan ko­me­di­ýa žan­ryn­da­ky pýe­sa­dyr. Ol il­kin­ji ge­zek 1875-nji ýy­lyň 8-nji de­kab­ryn­da Alek­sand­rins­kiý te­at­ryn­da go­ýul­dy.
Ko­me­di­ýa­da­ky wa­ka­lar 1870-nji ýyl­lar­da Rus­si­ýa­nyň ki­çi şä­her­çe­le­riň bi­rin­de bo­lup geç­ýär. Ýaş, owa­dan we baý dul aýal Ku­pa­wi­na bagt hem-de söý­gi ar­zuw ed­ýär. Ol daş-tö­we­re­gin­de haý­sy hy­juw­la­ryň gaý­na­ýan­dy­gy­ny hem bi­le­nok. Şo­la­ryň kö­pü­si onuň baý­ly­gy, giň to­kaý ýer­le­ri we aja­ýyp em­läk­le­ri bi­len gy­zyk­lan­ýar.
Ku­pa­wi­na­nyň tö­we­re­gin­dä­ki adam­lar galp­lyk ar­ka­ly ýaş aýa­lyň mül­kü­ni eýe­le­mä­ge sy­na­nyş­ýar­lar. Sah­na to­ma­şa­çy­la­ry er­bet­li­giň ýa-da go­wu­ly­gyň ýeň­jek­di­gi, mö­jek­le­riň ýa-da go­ýun­la­ryň üs­tün çyk­jak­dy­gy ha­kyn­da­ky oýa ba­tyr­ýar.
Spek­tak­lyň şow­ly çyk­ma­gyn­da A.And­ro­no­wa­nyň, L.Ko­so­no­go­wa­nyň, A.Baý­ra­mo­wa­nyň, A.Ju­ma­ýe­wa­nyň, L.Ýe­mel­ýa­no­wa­nyň, A.Za­go­rod­ne­wa­nyň, A.Ba­lan­di­na­nyň, S.Ste­pan­ýan­syň, M.Ro­go­wyň, A.Paw­lo­wyň, S.La­wi­niň, W.Şa­ba­ri­niň, D.An­na­ýe­wiň, M.Gur­ba­no­wyň. M.Kus­to­do­wyň hem-de M.Dur­dy­ýe­wa­nyň or­ny ulu­dyr.
Spek­tak­lyň il­kin­ji gör­ke­zi­li­şi 9-njy de­kabr­da 19:00-da gu­ra­lar.