Täze Zelandiýanyň ähli mekdeplerinde akylly telefonlaryň ulanylmagy doly gadagan ediler. Bu barada ýurduň täze Premýer-ministri Kristofer Lakson habar berdi.
-Biz ýurdumyzyň umumy bilim berýän ähli mekdeplerinde ykjam telefonlary gadagan etmek barada karara geldik. Munuň bilim ulgamynda örän gowy netijeleri berýändigi geçirilen barlaglar tassyklaýar – diýip, Lakson žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we ýurduň käbir mekdepleriniň şeýle karary eýýäm özbaşdak kabul edendiklerini we oňat netijeleri gazanandyklaryny belledi.
Şeýle-de, Lakson ýurduň täze hökümetiniň “mekdepleri okuwçylaryň akademiki üstünliklerine gönükdirýän hökmany bilim ülňülerini ornaşdyrmakçydygyny” habar berdi aýtdy.
-Bize hünärmenler tarapyndan ylalaşylan we mazmunynyň çaganyň ýaşyna laýyklygyny kepillendirýän okuw maksatnamasy gerek. Şeýle-de, ene-atalaryň hem bu barada bilmegi we şeýle okuwdan ýüz öwürmek mümkinçiligine eýe bolmagy-da möhümdir – diýip, ol aýtdy.
Täze Zelandiýada parlament saýlawlary 14-nji oktýabrda geçirildi. Olaryň netijesi boýunça, has köp ses alan Milli partiýa (TZMP) ýurduň täze hökümetini döretdi. Onuň ýolbaşçysy Täze Zelandiýanyň 42-nji Premýer-ministri bolan TZMP-niň lideri Kristofer Lakson boldy.