Bütindünýä Ykdysady Forumy (WEF) önümçilik, energiýa we ulag ýaly pudaklary ugleroddan arassalamagyň aňsat däldigine ünsi çekip, bu pudaklaryň durnukly we nol uglerodly bolmagy üçin 2050-nji ýyla çenli 13,5 trillion dollarlyk maýa goýuma zerurlyk duýulýandygyna mälim etdi. Bu barada forumyň “Accenture” atly global maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan maglumatynda bellenilýär. Maglumatda sement, polat, alýumin, ammoniý, nebit we gaz, awiasiýa, logistika we gara ýollary ýük gatnawy ýaly adaty ýangyçlara 90 göterim garaşly bolan 8 pudakda nol uglerod maksadyna ýetilmegine baha berilýär. Bu pudaklaryň durnukly bolmagy üçin gerek bolan pul serişdesi Gün, ýel, ýadro we geotermal energiýanyň önümçiliginiň bahasy, arassa wodorodyň daşalmagy we saklanmagy üçin çykdajylar göz öňünde tutulyp hasaplanypdyr.
Maglumatda bu maksada ýetmegiň bahasynyň her sebitde tapawutly boljakdygy bellenilýär. Howa goýberilýän kömürturşy gazyny azaltmak üçin arassa energiýa, wodorod we howadaky kömürturşy gazyny tutýan, ony gaýtadan peýdalanýan we saklaýan tehnologiýalara has köp maýa goýum gönükdirilmelidigi bellenilýär.
Maglumatda sement we polat önümçiligi üçin has köp energiýa sarp edilýändigi bellenilýär.
Oguljeren Durdymuhammedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.