29-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa­da se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň (CAREC) mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki 22-nji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­ne gen­der deň­li­gi­ni iler­let­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri üçin Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň “CAREC” mak­sat­na­ma­sy­nyň me­da­ly we de­giş­li gü­wä­na­ma­sy gow­şu­ryl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Gru­zi­ýa­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Pa­kis­ta­nyň we Mon­go­li­ýa­nyň de­giş­li gu­ra­ma­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Azi­ýa ösüş ban­ky ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len hem-de bir­nä­çe tap­gyr­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­ge gat­naş­dy. Gru­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Tbi­li­si­de gu­ra­lan ze­nan­la­ryň işe­wür­lik mas­la­ha­tyn­da gen­der deň­li­gi­ni hem-de jem­gy­ýet­de deň­hu­kuk­ly­ly­gy iler­let­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­ke­zen ýur­du­my­zyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­ne da­ba­ra­ly ýag­daý­da ýe­ňi­ji­niň baý­ra­gy gow­şu­ryl­dy. Mu­nuň özi Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da türk­men ze­nan­la­ry­nyň dur­mu­şyn­da ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka­la­ryň bi­ri bol­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da jem­gy­ýet­de gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek, ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň mun­dan beý­läk-de ber­ka­rar edil­me­gi we ös­dü­ril­me­gi ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­le­riň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.