Du­baý­da gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän be­ýik bi­na­nyň üçe­gin­de ýer­leş­ýän ga­ty re­kord ba­ha­dan sa­tyl­dy. Daş-tö­we­re­gi 360 de­re­je bi­len gö­rüp bol­ýan ho­wuz­ly bol­jak ter­ras 136 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. 71 gat­ly jayýň ýo­kar­ky ga­ty 2027-nji ýy­lyň ahy­ryn­da eýe­si­ne tab­şy­ry­lar. Bu ýer­de 5 otag, giň how­ly we bir sa­ny ýü­zül­ýän ho­wuz bo­lar. Be­ýik bi­na şä­he­riň ke­nar­ýa­ka­syn­da eme­li usul­da gur­lan “Palm Ju­mei­rah” ada­la­ryn­da gu­rul­ýar. Ýo­kar­dan se­re­di­len­de, pal­ma şa­ha­la­ry­ny ýa­dy­ňa sal­ýan ýa­rym Aý şe­kil­li ada­lar­da lýuks myh­man­ha­na­lar, wil­la­lar we ýo­ka­ry de­re­je­de dynç al­mak üçin des­ga­lar bar. Ter­ra­sy sa­tyn alan ada­myň şah­sy­ýe­ti mä­lim edil­me­di, em­ma onuň ýew­ro­pa­ly­dy­gy aý­dyl­dy.
Bir­nä­çe aý ozal, şä­her­dä­ki “Mar­sa Al Arab Ho­tel” myh­man­ha­na­sy­nyň ýo­kar­ky gat­la­ryn­da­ky bir öý 420 mil­li­on BAE dir­he­mi­ne (114 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi) sa­ty­lyp­dy.