Russiýanyň Federasiýa Geňeşi 2024-nji ýylyň 17-nji martynda ýurtda Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Degişli karar palatanyň wekilleri tarapyndan penşenbe güni geçirilen maslahatda kabul edildi.
“2024-nji ýylyň 17-nji martynda Russiýa Federasiýasynda Prezident saýlawlary geçiriler. Bu karar resmi taýdan çap edilen gününden güýje girer” diýlip, kararda bellenilýär.
-Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 102-nji maddasyna laýyklykda, Russiýada Prezident saýlawlarynyň geçiriljek wagtyny kesgitlemek Federasiýa Geňeşiniň aýratyn ygtyýarlygyna girýär – diýip, Federasiýa Geňeşiniň Konstitusiýa komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladimir Poletaýew aýtdy.