Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­yň bi­ri-de enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­dyr. Mu­ňa my­sal hök­mün­de hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­ýän hä­zir­ki za­man sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy bo­lup bi­ler. Iň soň­ky yl­my üs­tün­lik­le­re ýe­til­me­gi bi­len ke­sel­le­ri anyk­la­ma­gyň we be­jer­me­giň in­no­wa­si­on usul­la­ry­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler bi­len gat­na­şyk­lar bar­ha gi­ňel­ýär. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­iň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açyl­ma­gy mu­nuň aý­dyň subutna­ma­sy­dyr.
Ýur­du­myz­da 2020-2030-njy ýyl­la­ry üçin enäniň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny äh­li ta­rap­la­ýyn öz içi­ne al­ýan «Sag­dyn ene – sag­dyn ça­ga – sag­dyn ge­le­jek» at­ly gi­ňiş­le­ýin Mil­li stra­te­gi­ýa üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çiril­ýär. Döw­let sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, ÝU­NI­SEF (Ça­ga­lar gaz­na­sy), UNF­PA (Ilat gaz­na­sy) ýa­ly BMG-niň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ga­naz­ly­gyň we ýod ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak, im­mu­ni­za­si­ýa, ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek, howp­suz ene­lik we ça­ga­lyk ke­sel­le­ri­niň top­lum­la­ýyn do­lan­dy­ry­ly­şy bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ilýär.
Ça­ga­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­niň mö­hüm or­nu­ny göz öňün­de tu­tup, ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň do­wam­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wagyz etmek we gol­da­mak ba­ra­da» kanun ka­bul edil­di. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek ýö­rel­ge­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rip, ýur­du­my­zyň ça­ga dog­rul­ýan eda­ra­la­ry «Ça­ga dost­luk­ly has­sa­ha­na­sy» hal­ka­ra de­re­je­si­ne eýe bol­du­lar.
Ça­ga­nyň ir­ki ösü­şi üçin mak­sat­na­ma hä­zir­ki wagt­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir. ÝU­NI­SEF we
BMG-niň beý­le­ki gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da bu mak­sat­na­ma­da goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin in­ten­siw iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 2022-2025-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky ça­ga­lyk ke­sel­le­ri­ni top­lum­la­ýyn do­lan­dyr­mak stra­te­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň bir bö­le­gi hök­mün­de me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­le­riň ýol kar­ta­sy dü­zül­di. Şo­lar­dan bi­ri hem ça­ga­la­ra ze­rur ide­giň hi­li­ne, gör­nü­şi­ne we yzy­gi­der­li­li­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek üçin dö­re­di­len «Pe­di­at­ri­ýa­nyň wa­jyp me­se­lele­ri­niň kli­ni­ki be­ýan­la­ry» at­ly tä­ze be­ýan­la­ry­nyň top­lu­mydyr.
Hä­zir­ki wag­ta çen­li Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­synyň ha­sa­by­na birnäçe ope­ra­si­ýa­ ge­çi­ril­di, ola­ryň ag­la­ba­sy da­ýanç-he­re­ket ul­ga­my­na we ýü­rek-da­mar ul­ga­myna de­giş­li.
Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gin­de mer­ke­ziň hü­när­men­le­ri tej­ri­be­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we mer­kez­de tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­riş okuw­la­ry­ny geç­ýär­ler.
Türk­men-ger­man fo­ru­my­nyň tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we Der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň buý­ru­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len tu­tuş ýurt bo­ýun­ça skri­ning iş­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar.
2022-nji ýyl­dan bä­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň N.I.Pi­ro­gow adyn­da­ky Ça­ga­lar kli­ni­ki has­sa­ha­na­sy bi­len ýa­kyndan hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Bu eda­ra­nyň hü­när­men­le­ri­niň şu ýy­lyň 10-12-nji okt­ýab­ryn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» atly hal­ka­ra ser­gi­si­ne we yl­my mas­la­ha­ty­na gat­naş­magy bi­len, soň­ky sa­pa­ry­nyň çä­gin­de sa­pak­la­r ge­çi­ril­di.
Ýo­kar­da gör­ke­zi­len sep­git­ler ösüp gel­ýän nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga ug­ruk­dy­ry­lan­dyr. Se­bä­bi mil­le­ti­mi­ziň gel­je­gi ça­ga­la­ryň sag­ly­gyn­dan baş­lan­ýar.

Hu­daý­ber­di Pe­na­gel­di­ýew,
Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş yl­my-kli­ni­ki mer­ke­ziniň Ça­ga­la­ryň ösü­şi we ir­ki di­kel­diş bö­lü­miniň lukmany, Ýaş alym­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.