FIFA “The Best” baýraklarynyň dalaşgärleriniň final sanawyny mälim etdi. 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlen ugurda 3 oýunçy galyp, olar argentinaly Lionel Messi (PSŽ, “Inter Maýami”), fransiýaly Kilian Mbappe (PSŽ) hem-de norwegiýaly Erling Holann (“Mançester Siti”) dagydyr. Baýrak 3-sinden birine gowşurylar.

Ýylyň erkek tälimçisi baýragynyň hem dalaşgärleri 3-e düşürilip, italiýaly hünärmenler – Luçano Spalletti (“Napoli”) bilen Simone Inzagi (“Inter”) hem-de ispaniýaly Pep Guardiola (“Mançester Siti”) dalaşgär görkezildi.

Ýylyň erkek derwezeçisi baýragyna-da marokkoly Ýassin Bunu (“Sewilýa”, “Al Hilal”), belgiýaly Tibo Kurtua (“Real Madrid”) hem-de braziliýaly Ederson (“Mançester Siti”) üçüsi dalaşgärlige hödürlendi.

Ýylyň iň ökde zenan futbolçysy baýragyna ispaniýaly Aitana Bonmati (“Barselona”) bilen Jenni Hermoso (“Paçuka”) hem-de kolumbiýaly Linda Kaisedo (“Real Madrid”, “Deportiwo Kali”) dalaşgär görkezildi.

Zenan futbolynda ýylyň tälimçisi ugrunda Ispaniýanyň milli ýygyndysyny çempion eden Jonatan Hiraldes, “Çelsiniň” tälimçisi Emma Haýes hem-de Angliýanyň ýygyndysynyň niderland tälimçisi Sarina Wigman dagy dalaşgärler diýlip bellendi.

Ýylyň iň ökde zenan derwezeçisi baýragyna-da awstraliýaly Makkenzi Arnold (“West Ham”), ispaniýaly Kata Koll (“Barselona”), angliýaly Meri Irps (“Mançester Ýunaýted”) dalaşgär görkezildi.

2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Londonda geçiriljek baýrak gowşurylyş dabarasynda iň gowy owadan gola berilýän Puşkaş baýragynyň hem-de FIFA ýylyň janköýeri baýragynyň ýeňijileri-de belli bolar.