Kosmos giňişliginde aýlanýan emeli hemralar üçin ýangyç we energiýa bekedi işläp taýýarlaýan «Orbit Fab» kompaniýasy bu ugurda ilkinji ylalaşygyny gazandy. «Orbit Fab» «Ispace» kompaniýasy bilen şertnama baglaşandygyny we orbitada ýangyç bekediniň guruljakdygyny mälim etdi.
Geçen ýylyň ortalaryndan bäri kosmosa 15 müňden gowrak emeli hemra uçuryldy. Olaryň ýaryndan gowragy häzirki wagtda hem ulanylýar. Galanlary ulanyş möhleti tamamlanandan soňra atmosfera urup, ýanyp ýok boldy ýa-da kosmos giňişliginde aýlanmagyny dowam etdirýär. Gözegçiliksiz ýagdaýda aýlanýan emeli hemralar bolsa kosmos beketleri üçin töwekgelçilik döredýär.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy Daniel Faber Ýeriň orbitasynda we Aýda ýangyç üpjünçilik zynjyryny emele getirmek üçin «Ispace» bilen bilelikde işlemek isleýändiklerini belleýär.
Ol uzak möhletleýin döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň «Ispace»-iň Aýa gonýan kosmos gämilerine ýangyç berjekdigini aýtdy.
Maksat Berdiýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









