Ýaponiýanyň “Kawasaki” kompaniýasy wodorod ýangyçly ilkinji motosiklini taýýarlaýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Hiroşi Ito innowatiw ýangyçly iki tigirli ulagyň gysga wagtda zarýad berip bolýan “Ninja H2 SX” elektrik motoulagyna meňzeş boljakdygyny belledi. “Kawasaki” kompaniýasy “Honda”, “Suzuki”, “Toyota” we “Yamaha” kompaniýalary bilen bilelikde wodorod ýangyçly motor taslamasyny taýýarlaýar. “HySE” atly bu taslamanyň çäklerinde wodorod ýangyçly ulag tehnologiýasy kämilleşdirilýär. Kompaniýa “Dakar Rallisi” ýaly ýaryşlarda öz brendini ulanmagy maksat edinýär. Ýaponiýada geçirilen tanyşdyrylyşda nusgalyk motosikliň suratlary görkezildi. Täze ulag bilen ilkinji sürüş synagynyň gysga wagtdan geçirilip başlanjakdygy mälim edildi. Netije beren ýagdaýynda, motosikllerde hem wodorod ýangyjyndan peýdalanylar. Häzirki wagtda inženerler, esasan, wodorod ýangyçly ulagyň infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň aladasyny edýärler.
“Kawasaki” kompaniýasy häzirki wagtda “Ninja e-1” hem-de “Z e-1” ýaly elektrik energiýasy bilen işleýän motosiklleri öndürýär. Kompaniýa bu ulaglaryň gibrid ýangyçly görnüşlerini hem öndürmegi maksat edinýär.
Amangül Hallyýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.