2007-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Ýelizaweta II Birleşen Patyşalygyň ozalky hökümdary Şa zenany Wiktoriýadan ozup ýurduň taryhyndaky iň uly ýaşly monarhy boldy. Şol gün ol 81 ýyl 243 ýaşady. Ýelizaweta II 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda kakasy aradan çykanda 25 ýaşyndady. Şondan bäri 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli – ömrüniň ahyryna çenli tagtda oturan Ýelizaweta II patyşalygyň taryhynda iň köp höküm süren monarh boldy. Ozalky rekordyň eýesi Şa zenany Wiktoriýa 1837-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 1901-nji ýylyň 22-nji ýanwaryna çenli patyşalyga ýolbaşçylyk edipdi. Şa zenany Wiktoriýa 1819-njy ýylyň 24-nji maýynda dünýä inip, 1901-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda aradan çykýar. Ol 19 ýaşynda tagta çykýar.