2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dürli forumlary, duşuşyklary, sergileri, konsertleri, aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek meýilleşdirilýär.
Täze ýylyň ilkinji günlerinde Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar üçin baýramçylyk çäreleri guralar, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlaryň hem-de Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky baş arçanyň ýanynda köp sanly dabaralar geçiriler.
Geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi, zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi bar. Bu barada 22-nji dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi