Ýaş ene­ler göw­re­li döw­ri eý­ýäm göw­re­sin­dä­ki ça­ga­sy­nyň sag­ly­gy­nyň ala­da­sy­ny edip baş­la­ma­ly­dy­gy ba­ra­da ha­bar­ly bol­ma­ly­dyr­lar.
Ene bol­mak is­le­ýän her bir ze­na­nyň sag­lyk ýag­da­ýy­na gel­jek­ki nes­liň yk­ba­ly bag­ly. Enä­niň göw­re­li­li­ge taý­ýar­lan­ýan (preg­ra­wi­dar) döw­rün­de sag­dyn we dog­ry iý­mit­len­me­si­ne gel­jek­ki ça­ga­nyň sag­dyn dur­mu­şy we ösü­şi, do­ga ke­mis­lik­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­gy, do­ly ösüp ýe­tiş­mez­lik how­pu­nyň pe­sel­me­gi bag­ly bo­lup dur­ýar.
Ça­ga­nyň enä­niň göw­re­sin­de do­ly de­re­je­de ös­me­gi üçin enä­niň ga­nyn­da aý­lan­ýan we onuň üs­ti bi­len dü­wün­çe­ge düş­ýän peý­da­ly mad­da­la­ryň äh­li­si ze­rur­dyr. Ze­na­nyň göw­re­li­lik döw­rün­den öň we göw­re­li­lik wag­tyn­da iý­mit­len­me­si bi­len dü­wün­çe­giň iý­mit­len­me­si­niň ara­syn­da ys­ny­şyk­ly we çyl­şy­rym­ly hä­si­ýet­li bag­la­ny­şyk bar.
Il­ki bi­len, her bir göw­re­li ze­na­nyň dog­ry iý­mit­len­me­gi ze­rur­dyr. Dog­ry iý­mit­len­mek be­den üçin ze­rur bo­lan ýo­kum­ly iý­mi­ti re­je­li we yzy­gi­der­li ka­bul et­mek­dir. Dog­ry iý‎mit­len­mä­niň esa­sy ‎‎ka­da­sy bol­sa, çen­den ar­tyk iý­mez­lik­dir. Ho­wul-ha­ra bi­şi­ri­len na­har­lar­dan ga­ça dur­ma­ly­dyr. Süý­jü­lik­ler hoz, bal bi­len çal­şy­ryl­sa peý­da­ly­dyr. Her bir adam te­bi­gy önüm­le­ri (zeý­tun, gü­ne­ba­kar ýag­la­ry­ny, ba­lyk eti­ni ýag­syz gö­le, guş eti­ni, gök önüm­le­ri, ir-iý­miş­le­ri) gün­de­lik iý­mä­ge en­dik et­me­li­dir. Önüm­le­riň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy, na­har­la­ryň bug­la­nyp, gaý­na­dy­lyp taý­ýar­la­nyl­ma­gy, su­wuň ýe­ter­lik de­re­je­de ka­bul edil­me­gi be­den ag­ra­my­ny ka­da­ly sak­lap, se­miz­lik­den we ol ze­rar­ly dö­re­ýän ke­sel­ler­den go­rar.
Göw­re­li­lik­den öň we göw­re­li­lik döw­ri dog­ry iý­mit­len­mek bu döw­rüň ka­da­ly geç­me­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär we sag­dyn ça­ga­ny dün­ýä in­dir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ýar. Mun­dan baş­ga-da şol dö­wür­de ta­la­ba­la­ýyk iý­mit­len­mek gel­jek­ki enä­niň göw­re­sin­dä­ki ça­ga­nyň be­de­nin­de öm­rü­niň do­wa­myn­da dö­räp bi­läý­jek ke­sel­le­riň hem öňü­ni alyp bi­ler. Bä­be­giň pes ag­ram­da do­gul­ma­gy we onuň gel­jek­ki dur­mu­şyn­da in­su­lin me­ta­bo­liz­mi­niň bo­zul­ma­gy bi­len ke­sel­leý­ji­li­gi­niň ara­syn­da gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk bar­dyr. Köp­lenç ze­nan­la­ryň ga­naz­ly­gy ýy­gy duş ge­lip, ça­ga­nyň ene süý­di bi­len iý­mit­len­ýän döw­rün­de gö­ni bag­la­ny­şyk bar­dyr.

Göw­re­li­lik döw­rün­de nä­hi­li iý­mit­le­ri iý­me­li we nä­hi­li iý­mit­ler­den sak­lan­ma­ly?

Peý­da­ly iý­mit pa­ýy aşak­da­ky­lar­dan yba­rat­dyr:
mi­we, bak­ja önüm­le­ri;
kö­sük­li­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan iý­mit­ler (mer­ji­mek, noý­ba)
hoz
Göw­re­li ze­nan gü­nüň do­wa­myn­da azyn­dan 400g. gök we bak­ja önüm­le­ri­ni iý­me­li­dir. Mu­nuň üçin, he­mi­şe iý­mi­ti­ňi­ze möw­sü­me la­ýyk ter, gök we bak­ja önüm­le­ri­ni na­ha­ra goş­ma­ly. Ýag­lar umu­my ener­gi­ýa­nyň 30%-den az möç­be­ri­ni düz­me­li. Doý­gun däl ýag­lar (me­se­lem ba­lyk­da, awo­ka­do­da, hoz­lar­da, gü­ne­ba­kar­da, zeý­tun­da bar bo­lan ýag­lar) doý­gun ýag­lar­dan, me­se­lem, ýag­ly et­de, mes­ge­de, pal­ma­da we ko­kos­da, gaý­mak­da, peý­nir­de bar bo­lan ýag­lar­dan has peý­da­ly­dyr.
Ýa­gy sarp et­mek­li­gi aşak­da­ky çä­re­le­riň kö­me­gi bi­len azalt­mak müm­kin:
Na­ha­ryň taý­ýar­la­nyş düz­gü­ni­ni üýt­get­me­li. My­sal üçin: etiň ýag­ly ýe­ri­ni aýyr­ma­ly, mes­gä­niň ýe­ri­ne (mal­lar­dan alyn­ma­dyk) ösüm­lik ýa­gy­ny ulan­ma­ly, şeý­le hem go­wur­mak ar­ka­ly däl-de, gaý­nat­mak, bug­la­mak ar­ka­ly bi­şir­me­li.
Dü­zü­min­de doý­gun ýag­la­ry bo­lan azyk önüm­le­ri­ni (peý­nir, doň­dur­ma, ýag­ly et) sarp et­mek­den sak­lan­ma­ly.
Süýt önüm­le­ri (süýt, do­rag, ga­tyk) özün­de kal­siý, be­lok, A, D, B2 wi­ta­min­le­ri­ni sak­la­ýar.
Be­lok sak­la­ýan önüm­le­re: guş eti, ba­lyk eti, de­ňiz önüm­le­ri, ýu­murt­ga de­giş­li.
Göw­re­li­lik döw­rün­de gü­nüň do­wa­myn­da az-az­dan 5-6 ge­zek iý­mit­len­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Su­wa we beý­le­ki iç­gi­le­re hem göw­re­li­lik döw­rün­de uly üns ber­me­li. Iç­ýän su­wu­nyň muk­da­ry, hi­li göw­re­li ze­na­nyň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­na tä­si­ri örän ulu­dyr. Su­wuň be­den­de alyş-ça­lyş ha­dy­sa­sy­ny tiz­leş­dir­mek be­de­ne ge­rek bo­lan peý­da­ly önüm­le­ri öz­leş­dir­mek­de we ga­lyn­dy­la­ryň çy­ka­ryl­ma­gyn­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Esa­san hem, su­wuň köp muk­da­ry göw­re­li­li­giň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ir­ki aş saý­la­ma bi­len ejir çek­ýän ene­le­re ze­rur­dyr.
Kä­bir iý­mit önüm­le­ri göw­re­dä­ki ça­ga­da do­ga ke­mis­lik­le­riň bol­maz­ly­gy­ny ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ola­ra şu­lar de­giş­li­dir:
Fo­liý tur­şu­sy B9 wi­ta­mi­ni bo­lup, ony göw­re­li bol­maz­dan 3 aý öň we göw­re­li­li­giň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ulan­mak göw­re­dä­ki ça­ga­nyň kel­le we oňur­ga beý­ni­si­niň dog­ry ösü­şi­ne ýar­dam ber­ýär. Onuň ge­rek muk­da­ry: gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 0,4mg. fo­liý tur­şu­sy syg­ryň bag­ryn­da, mer­ji­mek­de, ba­lyk önüm­le­rin­de, noý­ba­da köp bol­ýar.
Kal­siý süňk do­ku­ma­sy­ny ber­kid­ýär. Gel­jek­ki ene we göw­re­dä­ki ça­ga kal­siý önüm­le­ri­ne mä­täç bol­ýar. Çün­ki kal­siý süňk­le­riň sag­dyn we berk bol­ma­gy üçin ze­rur­dyr. Mun­dan baş­ga hem kal­si­niň nerw we myş­sa ul­ga­my­nyň iş­le­me­gin­de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ada­ty ýag­da­ýa ga­ra­nyň­da göw­re­li ze­nan­la­ryň kal­siý ele­men­ti­ne bo­lan ta­la­by 50% art­ýar. Göw­re­li­lik döw­ri be­den­de kal­siý ýet­mez­çi­lik ed­ýän bol­sa, ol ony enä­niň süňk­le­rin­den alyp baş­la­ýar. Bu bol­sa os­teo­po­ro­zyň (süňk­le­riň gow­şa­ma­gy) dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bi­ler. Kal­si­niň be­den­de go­wy siň­me­gi üçin D wi­ta­mi­ni mö­hüm­dir.
Kal­siý sak­la­ýan önüm­ler süýt önüm­le­ri (do­rag, ga­tyk) ha­sap­lan­ýar.
De­mir ga­naz­ly­gyň öňü­ni al­ýar. Adam be­de­nin­de de­mir ge­mog­lo­bi­ni eme­le ge­tir­ýär. Dem­riň ýet­mez­çi­li­gin­de göw­re­li ze­nan özü­ni ýa­daw duý­ýar we onuň ke­sel­le­re gar­şy güý­ji, im­mu­ni­te­ti pe­sel­ýär. Dem­riň ýet­mez­çi­li­gi göw­re­dä­ki ça­ga­nyň wag­tyn­dan öň do­gul­ma­gy­na, ag­ra­my­nyň ösüş­den gal­ma­gy­na, ar­ryk­la­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler.
Dem­ri sak­la­ýan önüm­le­re syg­ryň bag­ry, eti, guş eti, ba­lyk, ýu­murt­ga, noý­ba, şu­gun­dyr, nar, al­ma, şet­da­ly, erik de­giş­li.
Ýod do­ga ke­mis­lik­le­riň öňü­ni al­ýar. Göw­re­dä­ki ça­ga­nyň sag­dyn ös­mek­li­gi üçin hem ýo­duň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Göw­re­li­lik döw­rün­de ze­na­nyň be­de­nin­de ýo­duň ýe­ter­lik muk­dar­da bol­ma­gy, göw­re­li ze­nan­da we ça­ga­da gi­po­ti­reo­zyň dö­re­me­gi­niň öňü­ni alyp bi­ler. Ýo­duň ýet­mez­çi­li­gi göw­re­li­li­giň 8-10 hep­de­li­gin­den baş­lap, ça­ga­nyň ösü­şi­ne tä­sir edip bi­ler.
Ýod sak­la­ýan önüm­le­re ýod­laş­dy­ry­lan duz we de­ňiz önüm­le­ri de­giş­li­dir.
C wi­ta­mi­ni be­de­niň go­rag funk­si­ýa­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. C wi­ta­mi­ni be­den­de dem­riň siň­di­ri­li­şi­ne hem ýar­dam ed­ýär. C wi­ta­mi­ni sak­la­ýan önüm­ler: ki­wi, apel­sin, po­mi­dor, bol­gar bur­çy, ke­lem, it­bu­run, gök ot­lar, ys­ma­nak. Ýö­ne bel­le­me­li zat, bu önüm­ler bi­şi­ri­len wag­ty öz ýo­kum­ly­lyk gym­mat­ly­ly­gy­ny ýi­ti­rip bi­ler. Şo­nuň üçin ter gör­nüş­de ulan­mak has peý­da­ly­dyr.
Her bir enä­niň uly ar­zu­wy — ça­ga­nyň sag­dyn dog­lup, bag­ty­ýar ke­ma­la gel­me­gi­dir. Eger-de ze­nan göw­re­li­lik döw­rün­de ýo­kar­da bel­le­ni­lip ge­çi­len­le­ri do­ly we dog­ry ýe­ri­ne ýe­tir­se, on­da ça­ga­nyň sag­dyn dün­ýä inip, kä­mil ke­ma­la gel­me­gi­ni ga­za­nyp bi­ler.

An­na­täç Öwe­zo­wa, On­ko­lo­gi­ýa yl­my kli­ni­ki mer­ke­zi­niň yl­my-kli­ni­ki dis­pan­ser gö­zeg­çi­lik bö­lü­mi­niň yl­my iş­gä­ri.