Awstriýanyň Graz şäherdäki “Migaloo” kompaniýasy özboluşly suw ulagyny işläp taýýarlaýar. Umumy bahasy 2 milliard dollar boljak kaşaň ýahta suwuň aşagynda hem hereket edip bilýär. 20 ýolagçy orunlyk gämide 40 ekipaž bolar. Uzynlygy 164 metre ýetýän “Migaloo M5” atly gämi gerek bolan halatynda suwuň aşagynda ýa-da ýokarsynda hereket edýär. Suw ulagynyň üstünde dikuçaryň gonmagy üçin meýdança (heliport hem göz öňünde tutulypdyr. Ýahtanyň içinde sport zaly, hammam, sauna we dürli çykyşlaryň görkezilmegi üçin sahna hem göz öňünde tutulypdyr. Gämi suwuň 250 metre çenli aşagyna çümüp bilýär. Bu bolsa deňiz jandarlaryny ýakyndan görmäge mümkinçilik berer.
Amangül Hallyýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy mugallymy.