Ýaşlaryň, türgenleriň iýmiti beýleki adamlaryňkydan düýpgöter tapawutlanýar. Birinjiden, sport, onda-da onuň agyr görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň bedenine uly agram salynýar. Ikinjiden, güýçli depginde alnyp barylýan türgenleşikleriň dowamynda bedende has köp energiýa sarp edilýär. Galyberse-de, ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar: uglewodlar, beloklar, ýaglar, witaminler, makro-mikroelementler köp mukdarda harçlanylyp, olaryň öwezini dolmak zerur bolýar. Eýsem, türgen uly agram salnandan soň bedenini dikeltmek, ony ýeterlik energiýa hem-de täze öýjükleri öndürmek üçin gerek bolan material bilen üpjün etmek üçin nähili iýmitlenmeli?
Beden ýangyç hökmünde ilki uglewodlardyr beloklary we beýleki peýdaly maddalary, soň ýaglary sarp edýär. Peýdaly maddalaryň uly ýitgisine ýol bermezden ýaglaryň ýakylmagyny gazanyp bolýarmy?
Elbetde, munuň üçin dogry iýmitlenmeli. Gündelik iýmitiňde witaminleriň, mineral duzlaryň, uglewodlaryň, aýratyn hem beden üçin gurluşyk materialy bolup durýan beloklaryň ýeterlik bolmagyny gazanmaly. Beloklar diňe bir türgenleriň däl, eýsem, islendik adamyň iýmitiniň möhüm düzüm bölegi bolup, bedeniň ösmeginde, pugtalanmagynda, beden ulgamlarynyň öz funksiýasyny kadaly ýerine ýetirmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar:
Beloklar bedende bolup geçýän ähli biologik hadysalary tizleşdirýän katalizator (himiki we biologik hadysalary çaltlaşdyrýan ýa-da haýallaşdyrýan proses) bolup durýar.
Beden öýjüklerinde bolup geçýän energetiki alyş-çalyş hem-de madda çalşygy belok fermentleriniň işjeňligine bagly bolup durýar.
Beloklar gormonlaryň düzümine girýär we bedeniň ösüşine täsir edýär.
Proteinler dokumalary kislorod we iýmitlendiriji maddalar bilen üpjün edip, daşaýjynyň funksiýasyny ýerine ýetirýär.
Spesifik belok molekulalary bolup durýan antitelolar bedeniň immun goraglylygyny üpjün edýär.
Türgenlere beloklaryň egsilmez çeşmesi hökmünde balygy, iň gowusy deňiz balygyny, eti, ýumurtgany, süýt önümlerini yzygiderli ulanmak maslahat berilýär. Deňiz balyklarynda beloklardan başga ornuny tutup bolmaýan polidoýgun däl ýag kislotalary, ýumurtgada aminokislotalar, ýaglar we witaminler, süýt önümlerindäki belokda adam bedeninde işlenilip çykarylmaýan metionin belogy köpdür. Türgenler öz iýmitinde etiň ýagsyz görnüşlerini: guşuň, öý towşanynyň, göläniň etini ulanmalydyr. Olar öz iýmitini düzgünleşdirende bedene uly agram salynýandygy sebäpli uglewodlaryň köp mukdarda sarp edilýändigini hem göz öňünde tutmaly. Bedeniň uglewodlara bolan talaby çalt özleşýän ýönekeý uglewodlaryň däl-de, çylşyrymly uglewodlaryň hasabyna kanagatlandyrylmalydyr. Çylşyrymly uglewodlar goňur tüwide, bugdaýda, çowdary unundan bişirilen çörekde, miwelerde, gök önümlerde, çalt özleşýän ýönekeý uglewodlar bolsa limonadda, ak gantdyr şekerde, tortda, şokoladda we beýleki süýji tagamly önümlerde saklanýar. Şekeriň deregine bal iýmeli. Sebäbi balda uglewodlardan başga witaminlerdir makro-mikroelementleriň köp görnüşi saklanýar. Iň gowusy, şekeri iýmitiňden hemişelik aýyrmaly. Naharlara we işdäaçarlara peýdaly maddalara baý deňiz duzuny goşmaly. Gowrulyp bişirilen ýagly naharlar, ýiti tagamly önümler, kömelek, alkogolly içgiler, ýarym taýýar we tiz tagam önümleri, ýogurtlar, külkeden taýýarlanan miwe we gök önüm şireleri uly agram salynýan bedeni dikeltmäge, gurplandyrmaga kömek etmeýär, tersine zyýanly täsirini ýetirip bilýär.
Türgenleriň energetiki gymmatlykly iýmitiniň 30%-i uglewodlardan, 60%-i beloklardan, 10%-i ýaglardan ybarat bolmalydyr. Bedeni witaminler, makro-mikrolementler bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin diňe bir bu maddalara baý önümleri däl, eýsem, witamin-mineral toplumlaryny hem ulanmaly. Olary sport lukmanynyň maslahaty bilen kabul etmeli. Witaminler bedeniň fiziologiki ýagdaýyna, ösüşine, maddalaryň alyş-çalşyna güýçli täsir edýär.
Mineral duzlar hem, edil ýaglar, beloklar, uglewodlar, suw, witaminler ýaly wajyp bolup, bedende bolup geçýän ýaşaýyş üçin derwaýys hadysalara gatnaşýar. Olar:
Ganda we dokumalarda bolup geçýän ähli himiki-biologiki hadysalary işjeňleşdirýär.
Ganyň we dokuma suwuklygynyň basyşynyň kadaly ýagdaýda saklanmagyny üpjün edýär.
Turşulyk-aşgarlylyk deňeçerliginiň (balans) üpjün edilmegine ýardam edýär.
Iýmitiň siňmegini tizleşdirýär.
Ödüň bölünip çykmagyna itergi berýär.
Türgenleriň iýmiti olaryň jynsyna, ýaşyna, bedeniniň fiziologik aýratynlyklaryna, sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýandygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär. Muňa garamazdan, olaryň hemmesiniň iýmitinde beloklaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, mineral duzlaryň, witaminleriň ýeterlik bolmagyny gazanmak hökmandyr. Sebäbi sportuň diňe bir agyr görnüşleri däl, eýsem ýeňil görnüşlerinde türgenleşikleriň, ýaryşlaryň geçirilýän wagtynda hem ýürek-damar, iýmit siňdiriş, dem alyş ulgamlary ýokary depginde işleýär. Beden ýüregiň işini, iýmit siňdirişi, dem alşy goldamak üçin örän köp energiýa sarp etmeli bolýar. Iýmitiňde ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar ýeterlik bolmasa, energetiki deňagramlylyk bozulyp, beden gowşaýar, gurpdan gaçýar.
Umuman, türgeniň iýmit düzgüni şeýle wezipeler göz öňünde tutulyp, işlenilip düzülmelidir.
– Bedeni sportuň görnüşine laýyklykda talap edilýän mukdardaky kaloriýa bilen üpjün etmek.
– Alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrmak we işjeňleşdirmek.
– Bedeniň agramyny sazlaşdyrmak (ony agraltmak, ýeňletmek ýa-da belli bir agramda saklamak).
– Myşsa massasyny ösdürmek, ýag gatlaklaryny azaltmak (morfologik görkezijileri üýtgetmek).
Türgeniň gündelik iýmit düzgüni nähili bolmaly?
Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlar:
kadada her gün azyndan 4 gezek naharlanmaly, arasynda 2 gezek ýeňiljek garbanmaly;
esasy iýmitiň arasynda ýeňiljek garbanmak üçin niýetlenen tagamlary dogry saýlamaly. Somsa, çipsy, bulka, buterbrod – üsti hurşly çörek önümi däl-de, gök önümlerdir miweleri hem-de olardan taýýarlanan işdäaçarlary, täze sykylan miwe we gök önüm şireleri, gatyk, gazsyz mineral suw sport iýmit önümlerini (ýarym taýýar şüleler, çorbalar, baton çörek) iýip-içmeli.
Iýmiti türgenleşigiň ýa-da ýaryşyň öňüsyrasynda däl-de, şondan 1,5-2 sagat öň kabul etmeli. Bu wagtyň dowamynda beden ähli zerur maddalary özleşdirmäge ýetişýär we türgenleşige taýýar bolýar.
Türgenleşik gutarandan soň dessine däl-de, 1 sagat soň iýip-içmeli.
Gündelik kabul edýän iýmitiň umumy energetiki gymmatlygy türgeniň jynsyna, ýaşyna we meşgullanýan ugrunyň agyrlyk derejesine baglylykda 2000-4000 kilokaloriýa aralygynda bolmalydyr. Bu görkeziji seýrek ýagdaýlarda 6000-7000 kilokaloriýa çenli ýokarlanyp bilýär. Munuň özi käbir türgenler üçin kadaly hasaplanylýar. Adatça bodbiller, göreş, boks, suwda ýüzmek, ylgamak bilen meşgullanýan türgenler has köp energiýa sarp edýärler. Bellemek möhüm bolan ýene-de bir ýagdaý bar: türgenleşigiň bolup geçýän günlerinde adaty günlerdäkiden köp energiýanyň harçlanylýandygyny göz öňünde tutmaly we şoňa görä adatdakydan köp iýip-içmeli.
Sport iýmiti diňe bir beloklara, uglewodlara, witaminlere, mineral duzlara baý önümleri däl, eýsem, sport iýmitini (sportfud) hem öz içine alýar. Bu barada näme aýdyp bolar?
Elbetde, sport ähmiýetli iýmit önümleri hem türgeniň gündelik iýmitinde belli bir orny eýeleýär. Olar türgenleşikleriň, ýaryşlaryň dowamynda çalt ýitýän peýdaly maddalaryň öwezini dolmak üçin niýetlenilýär we aglabasy esasy iýmitiň ornuny tutmaýar. Sport iýmiti diňe lukman bilen maslahatlaşylyp, dogry ulanylanda garaşylýan netijäni berýär. Eýsem, olaryň haýsy görnüşini haçan ulanmaly?
Proteinli iýmit önümleri diňe bir türgenler üçin däl, eýsem, bedeninde belok ýetmezçilik edýän, aýratyn hem et iýmeýän ýa-da tiz-tizden berhiz tutýan adamlar üçin has peýdalydyr. Olaryň düzümindäki proteinler, aminokislotalar, kreatin mal beloklaryndan çalt özleşýär, olardan iki esse köp energiýa berýär. Bu sport iýmit önümleri gündelik iýmit arkaly kabul edilýän beloklaryň üstüni ýetirýär, olaryň hilini gowulandyrýar.
Aminokislota toplumlary sportuň bedene uly agram salýan görnüşleri bilen meşgullanýan ýa-da dowamly arakesmeden soň gaýtadan türgenleşip başlan türgenler üçin peýdalydyr. Bu toplumlar güýçli depginde geçen türgenleşiklerden soň myşsa süýümleriniň çalt dikelmegine ýardam edýär, agyryny köşeşdirýär.
Energiýa berijilere (energetikler) uglewodly we uglewodly-belokly önümler degişlidir. Energiýa beriji önümler türgenleşikden öň güýjüňi tijemäge ýardam edýär, türgenleşikden soň bedeni kuwwatlandyrýar, gurplandyrýar, keýpiňi göterýär. Fitnes bilen köp meşgullanýan, uzynly gün türgenleşýän türgenlere, mydama işjeň hereketde bolýan adamlara ýadawlygyny aýyrmak üçin energiýa beriji sport önümlerini ulanmak maslahat berilýär.
Witamin-mineral toplumlary suw-mineral deňeçerligini üpjün edýär, immuniteti pugtalandyrýar. Bu serişdeler fitnes bilen dowamly meşgullanýan türgenler, şeýle hem, çendenaşa köp derleýän adamlar üçin peýdalydyr.
Adaty iýmitiň ornuny tutýan sport iýmit önümleri: baton çörek, dürli kokteýller, ýarym taýýar şüleler, çorbalar iýip-içmäge wagt tapylmaýan wagtda ýeňiljek garbanmak üçin niýetlenendir.
Ýag ýakyjy sport iýmit önümleri horlanmak isleýän adamlar üçin peýdalydyr. Şeýle önümler deriniň astynda ýaglaryň toplanmagynyň öňüni almaga, öňden bar bolan ýag gatlaklaryny aýyrmaga ýardam edýär.
Düzüminde kislorod, karnitin, C we E witaminlerini saklaýan sport iýmit önümleri bedene uly agram salnanda emele gelip bilýän stres gormonynyň (kartizol) işlenilip çykarylyşyny bökdeýär.
Düzüminde lizin we B witaminler toplumy saklanýan iýmit önümleri myşsalaryň tonusyny ýokarlandyrýar. Olar ylaýta-da, sportuň ýokary tizlikli görnüşleri (dzýudo, karate, tennis, woleýbol, sprint) bilen meşgullanýan adamlar üçin peýdalydyr.
Düzüminde L-karnitin we lesitin saklanýan sport iýmit önümleri horlanmaga kömek edýär. L-karnitin ýaglary azaldýar, lesitin bolsa maddalaryň alyş-çalşyny işjeňleşdirýär, L-karnitiniň täsirini güýçlendirýär.
Atabaý Orazmyradow, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň umumy onkologiýa bölüminiň kiçi ylmy işgäri.