UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky tamamlanyp, 1/8 finala çykan 16 klub belli bolupdy. Şol klublaryň 4-si Ispaniýadan bolsa, Italiýadyr Germaniýadan 3 klub ýaryşy dowam eder. Bu ýaryşyň öňdebaryjylaryndan hasaplanýan iňlis klublarynyň 2-si 1/8 finala çykyp, şu görkeziji soňky ýyllaryň iň pes netijesi diýlip bellenilýär. Şeýle-de, Daniýadan, Niderlandlardan, Fransiýadan hem-de Portugaliýadan 1 klub 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy.

“Mançester Siti” toparyna ýene-de ýeňil bije

Hepdäniň başynda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Bije çekilişe 16 klubuň degişli wekilleri gatnaşdylar. Bijä laýyklykda, soňky çempion “Mançester Siti” toparynyň bijesine o diýen güýçli bolmadyk klub çykdy. Daniýanyň “Kopengagen” kluby bilen bije çekişen Mançester Siti toparyna soňky 8 möwsümde 1/8 finalda güýçli klublar duşmady. Pep Guardiolanyň şägirtleri 2016-njy ýyldan bäri degişlilikde, 1/8 finalda “Dinamo Kiýew”, “Monako”, “Bazel”, “Şalke”, “Borussiýa M”, “Sporting”, “Leipsig” klublary bilen bije çekişdi. Mançesyer Siti bilen Kopengagen toparlary mundan ozal 4 gezek duşuşyp, iňlisler şolaryň 2-sinde öz meýdançasynda ýeňiş gazandy (2-1, 5-0). Kopengagendäki duşuşyklaryň 2-si hem deňlikde tamamlandy (2-2, 0-0). Toparlar ilkinji gezek 2009-njy ýylda UEFA Kubogynda gabatlaşypdylar. Geçen möwsümde-de Çempionlar Ligasynda bir toparça düşüpdiler.

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary-da nemesleriň “Leipsig” topary bilen bije çekişdi. Iki klub mundan öň 2 gezek duşuşyp, hersi 1 oýunda ýeňiş gazandy. Toparlar geçen möwsümde bir toparçada çykyş edipdiler. Şonda “Real” Madridde 2-0 ýeňip, myhmançylykda-da 3-2 hasabynda asgyn gelipdi.

1/8 finalyň iň öňe saýlanýan bijesi “Inter” bilen “Atletiko Madridiň” bijesi boldy. 2 topar mundan ozal UEFA-nyň ýaryşlarynda diňe 1 gezek duşuşyp, 2010-njy ýyldaky Super Kubogy duşuşygynda ispanlar 2-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Maradonanyň çykyş eden klublarynyň özara duşuşygy

Başga bir italýan-ispan klublarynyň özara duşuşygynda-da argentinaly rowaýaty futbolçy Diego Maradonanyň çykyş eden 2 kluby – “Napoli” bilen “Barselona” bije çekişdi. Mundan öňki özara 4 duşuşykda “Barselonanyň” 2 ýeňşi, 2 deňligi bar. “Napoli” toparyna “Barselonany” resmi duşuşyklarda ýeňmek başartmady.

Tapgyryň başga bir gyzykly, köp golly geçmegine garaşylýan duşuşyklarynda “Porto” bilen “Arsenal” özara güýç synanyşar. Iki klub mundan ozal 6 gezek duşuşypdy we şolarda “Arsenal” 3, “Porto” 2 sapar ýeňşini baýram edipdi.

“Bawariýanyň” bijesine-de italýanlaryň “Lasio” topary düşdi. Mundan öň 2 gezek duşuşan klublaryň şol duşuşyklarynyň 2-sinde hem nemes kluby ýeňiş gazandy.

Deňeçerräk 2 klubuň bijesinde-de PSW bilen “Borussiýa Dortmund” çärýek finala çykmak üçin özara göreşerler. Öňümizdäki oýunlar olaryň 3-4-nji duşuşyklary bolup, öňki 2 oýunda nemes kluby 1 gezek ýeňiş gazandy. Beýleki oýunda-da deňme-deňlik hasaba alyndy.

Toparçadaky soňky duşuşyklardan soň 1/8 finala çykan PSŽ topary ispan kluby “Real Sosiedad” bilen duşuşar. Mundan ozal 2 klub UEFA-nyň ýaryşlarynda hiç hili gabatlaşmandylar.

1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary 13-14-nji, 20-21-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 5-6-njy hem-de 12-13-nji martda geçiriler.

UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Londondaky meşhur “Wembley” stadionynda geçiriler.

 

13-nji fewral, 6-njy mart

“Kopengagen” (Daniýa) – “Mançester Siti” (Angliýa)

“Leipsig” (Germaniýa) – “Real Madrid” (Ispaniýa)

 

14-nji fewral, 5-nji mart

“Pari Sen-Žermen” (Fransiýa) – “Real Sosiedad” (Ispaniýa)

“Lasio” (Italiýa) – “Bawariýa” (Germaniýa)

 

20-nji fewral, 13-nji mart

“Inter” (Italiýa) – “Atletiko Madrid” (Ispaniýa)

PSW (Niderlandlar) – “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa)

 

21-nji fewral, 12-nji mart

“Porto” (Portugaliýa) – “Arsenal” (Angliýa)

“Napoli” (Italiýa) – “Barselona” (Ispaniýa)