Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin­de aşa so­wuk ho­wa ha­sa­ba alyn­dy. Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da ýü­ze çy­kan so­wuk ho­wa aky­my paý­tagt­da 1951-nji ýyl­dan bä­ri iň uza­ga çe­ken so­wuk ho­wa se­bäp bol­dy. “Bei­jing Dai­ly” ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, 11-nji de­kabr­dan 24-nji de­kab­ra çen­li ara­lyk­da ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 300 sa­gat­dan gow­rak wagt­lap nol­dan aşak­da dur­dy. Şeý­le­lik­de, me­teo­ro­lo­gi­ýa mag­lu­mat­la­ry­nyň ha­sa­ba alyn­ýan döw­rün­dä­ki iň uza­ga çe­ken so­wuk ho­wa bol­dy. Şä­her­de ýy­lyň soň­ky aýy­nyň 10 gü­ni yz­ly-yzy­na 10 de­re­je­den hem so­wuk bo­lup­dyr. Me­teo­ro­lo­gik çak­la­ma­lar ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ho­wa­nyň so­wuk bol­ma­gyn­da gal­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da we or­ta se­bit­le­rin­de ýa­gan gar kä­bir şä­he­ra­ra ýol­la­ryň ýa­pyl­ma­gy­na ge­tir­di, mek­dep­ler­de okuw­lar ýa­ty­ryl­dy. Bu se­bit­ler­dä­ki kä­bir ýer­ler­de mun­dan ozal­ky re­kord de­re­je­de so­wu­gyň ha­sa­ba al­nan ýy­ly bo­lan 1961-nji ýyl­da­ky­dan hem so­wuk ho­wa bol­dy.