ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17-22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde Samarkant şäherinde geçiriljek «C5+1» formatyndaky duşuşyga gatnaşar we sebit ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär.
Amerikanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatlaryna görä, sebit derejesindäki bu duşuşyklarda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady gatnaşyklary we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garalar. ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen birlikde Özbegistana Amerikanyň işewürler jemgyýetiniň 200-den gowrak wekili hem barar.
«Merkezi Aziýa – ABŞ» (C5+1) formaty Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky sebitara özara bähbitli hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Özbegistandaky gepleşikler tamamlanyndan soňra, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Hindistana ugrar. Ol ýerde Hindistanyň hökümet wekilleri bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi boýunça degişli gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.
PDF








