26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda belent mertebeli myhmanlaryň Sankt-Peterburgda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýanyň medeni paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Hususan-da, «Pawlowsk» döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin şäherçesindäki «Sarskoýe selo» döwlet muzeý-goraghanasynyň, «Petergof» döwlet muzeý-goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde ýerleşýän «Kongresler köşgi» döwlet toplumynda resmi däl sammit geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we Täze ýylyň öň ýanyndaky resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Çykyşyň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlary kesgitlenildi. Umuman, 2023-nji ýyl Arkalaşyk üçin örän netijeli boldy. Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de, özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, GDA agza ýurtlaryň ählisiniň sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyň binýadyna goýlan esasy ýörelgelere ygrarly bolmagy Arkalaşygyň giňişligindäki üstünlikli işiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, geçen ýyllaryň dowamynda GDA döwletleri hyzmatdaşlyk ýoluna üýtgewsiz eýerýärler, taraplaryň hoşmeýilli erki, deňhukuklylyk, ynanyşmak bolsa onuň ygtybarly binýady bolup durýar. Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk sebit boýunça goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesinden, milli ykdysadyýetleriň ýeten sepgitlerinden ugur alyp hem-de ähli taraplaryň bar bolan ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny nazara almak bilen, däp bolan netijeli dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa has toplumlaýyn we işjeň häsiýet bermäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança hökmünde garap, yzygiderli esasda anyk teklipleri öňe sürýär. Hyzmatdaşlygyň döwrüň talap edýän görnüşlerini işläp taýýarlamak bu teklipleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji oktýabrynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň täze netijeli başlangyçlar bilen çykyş edendigini bellemek gerek. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi GDA-nyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara itergi bermäge, diňe bir Arkalaşygyň giňişliginde däl, eýsem, tutuş dünýäde-de howpsuzlygy, durnuklylygy, okgunly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Gatnaşyjy döwletleriň halkara giňişlikde birek-birege berýän goldawy ägirt uly syýasy-diplomatik mümkinçiliklere eýe bolan Arkalaşygyň ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde ylalaşykly garaýyşlar bilen çykyş edýändikleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Şunda agza ýurtlaryň ählisi dünýä syýasatyna, hukuga hormat goýmagy, dialogyň medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Hut şeýle çemeleşme Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çeýeligi saklap galmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda GDA-nyň çäklerinde ýakynlaşmak proseslerini ösdürmäge gönükdirilen mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär, umuman, halkara durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde bu birleşmäniň hereket etmegini şertlendirýär.
Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyndan ugur alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, GDA agza ýurtlaryň arasynda ulgamlaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmegiň zerurdygy bellenildi. Ýakyn we uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde döwlet Baştutanlary şu ýyl dürli forumlarda, çärelerde we duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine GDA-nyň giňişliginde döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.
Umuman, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ýokary derejeli resmi däl görnüşdäki bu duşuşyk GDA gatnaşyjy ýurtlaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar, özara bähbitlilik we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak esasynda bilelikde ösdürmäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.