23-nji dekabrda Duşenbe şäherinde “Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Sergi meýdanynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sergi burçy guraldy.
Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, milli halylar we keşdeler, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda häzirkizaman gazananlaryny görkezýän maglumatlar bilen tanyşdylar.
Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň we daşary ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdy.
Halkara festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň diplomy bilen sylaglandy.