Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabry.