Täjigistan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl ýurtda “hukuk bilimi” ýyly diýlip yglan edildi. Bu barada şu gün Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisine iberen ýüzlenmesinde degişli teklip hödürlendi.
Geljek ýyl Täjigistan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilende, hukuk goraýjy edaralary bilen bir hatarda döwlet edaralarynyň ähli çeşmelerini we mümkinçiliklerini ulanmak tabşyryldy.
“Garaşsyz milli döwletiň gurulmagyna we ýurduň halkynyň durmuşynyň ähli taraplarynyň ösmegine esas döreden garaşsyz Täjigistanyň ilkinji konstitusiýasy, iň möhüm üstünliklerimiziň biridir” -diýip, Prezident Rahmon öz ýüzlenmesinde belläp geçdi.