PEK köp hyzmatly logistika operatory Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda ýygnama ýükleri daşamagy ýola goýdy. Bu ugur boýunça yzygiderli ýük gatnawy iki hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Geljek ýyldan bolsa, bu sanyň artdyrylmagyna garaşylýar.
PEK kompaniýasy Russiýada iki ýurduň ýaşaýjylarynyň we biznes toparlarynyň harytlarynyň çalt hem-de ýönekeýleşdirilen amal esasynda eltilip berilmegine mümkinçilik döreden ilkinji kompaniýadyr. PEK tarapyndan berlen maglumatda Türkmenistanda halkara ulag resminamalaryny elektron görnüşinde ulanylyp başlanmagynyň we Astrahan hem-de Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň eltip bermek işini has-da ýönekeýleşdirmäge ýardam etjekdigi aýdylýar.
PEK: GLOBAL kompaniýasynyň ýolbaşçysy Anton Buýanowyň mälim etmegine görä, kompaniýa ýurtda diňe bir deslapky eýesine ýüki eltip berýän köpugurly hyzmatlary hödürlemekden daşary, muňa degişli resminamalary doldurmaga, şeýle hem ammar logistikasyna hem ýardam edýär.
Kompaniýa Aşgabatda ýükleri jemlemek we gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlyk şahamçasyny hem açdy. Täze meýdança halkara howa menzilinden 5 kilometr, şeýle-de Türkmenistany Gazagystan we Russiýa bilen özara baglanyşdyrýan “E60” gara ýolundan 28 kilometr uzakda ýerleşýär.
Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň mälim etmegine görä, Russiýanyň bu sebiti Türkmenistan bilen parom aragatnaşygyny gaýtadan dikeltmek boýunça ylalaşdy. PEK: GLOBAL kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, deňiz gatnawlarynyň yzygiderli ýola goýulmagy diňe bir Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda däl-de, eýsem Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndan Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly üstaşyr geçmäge ýardam eder. Deslapky hasaplamalara görä, Türkmenbaşydan Astrahana parom bilen eltip bermeklik 1-2 güni, Hazar deňziniň töweregindäki ýol ulaglary bilen bolsa 8 güne çekýär.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ozal mälim etmegine görä, geçen ýyl Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 865 million dollar bolup, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerine görä bu görkeziji 45 göterim ýokarlandy. Russiýa Türkmenistanda nebit-gaz enjamlarynyň we mehaniki önümleriň eksportyny artdyrmagy, Türkmenistan bolsa, dokma we azyk önümleriniň üpjünçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär.
Hususan-da, ýurduň üstaşyr mümkinçilikleriniň hasabyna Türkmenistandan ýük daşamaga bolan isleg barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, PEK kompaniýasy geljek ýylda bu sebitde ýükleri jemlemek we gaýtadan işlemek üçin täze meýdançalary açmagy, şeýle hem Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça Russiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň arasynda yzygiderli ýük gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistan köp hyzmatly logistika operatorynyň geljek ýylda açmagy meýilleşdirýän bitewi üstaşyr ulag ugrunyň bir bölegi bolar. Täzeden dikeldilýän Ýüpek ýoly Russiýanyň, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçer. (Çeşme : tca.gov.tm)