Hytaýyň BYD kompaniýasynyň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän heçbek modeli “BYD Dolphin” ulagy Ýewropada satyn alnyp bilinjek iň gowy ulag saýlandy. “Autobest” guramasy “Best Buy Car of Europe 2024” baýragyna “BYD Dolphin” modelini mynasyp gördi. Ulagy Ýewropanyň 31 ýurduna wekilçilik edýän 31 sany žurnalistden emele gelen emin agzalary saýlady. Eminler “Dolphin”-iň güýjüne, hiline, rahatlygyna we tehnologiýasyna baha bermek üçin Awstraliýada “Teesdorf” trassasynda dürli synag sürüşlerini geçirdiler. “Dolphin” beýleki üç dalaşgärden ozup jemi 20 müň 57 bal aldy. Bu elektroulag BYD-nyň “e-Platform 3.0” bazasynda döredilipdir. Bu platforma ykjamlygy we rahatlygy üpjün edýär. Ulagyň giň salony bolup, bäş adam arkaýyn sygýar. Şeýle hem bu ulag “Euro NCAP” howpsuzlyk testlerinden hem 5 ýyldyz alypdy. Elektroulagda “BYD”-yň özüni öndürýän “Blade Batarya” atly batareýa ulgamy oturdylar. Ulag bir gezekki zarýady bilen 427 kilometr ýol geçip bilýär.

Gülälek Mämmetkulyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.