BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş özüniň Täze ýyl wideoýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň ynamy dikeltmegiň we umydyň gaýdyp gelmeginiň ýyly bolmalydyr diýip, mälim etdi. Onuň sözlerine görä, adamzat ähli düşünişmezlikleri ýeňip geçmek üçin jebisleşmeli.
-2023-nji ýyl ägirt uly jebir-jepalaryň, zorlugyň we howanyň bulam-bujarlygynyň ýyly boldy. Adamzat ejir çekýär. Planetamyz howp abanýar. Şoňa görä, 2024-nji ýyl ynamyň dikeldilmeginiň we umydyň gaýdyp gelmeginiň ýyly bolmalydyr – diýip, Guterreş belledi.
Şeýle hem, Guterreş howa gözegçilikleriniň taryhynda 2023-nji ýylyň iň yssy ýyl bolandygyny aýtdy. Köp adamlar mätäçlik we açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we dünýä bu ýagdaýa garşy göreşmek üçin tagallalaryny birikdirmeli – diýip Guterreş sözüni jemledi.