4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdy.
Diplomat bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek däplerinde ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Gysga wagtlyk söhbetdeşligiň barşynda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ýurdumyz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy.
Mohamed Said Mohamed Al-Ariki Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ygtybarly, berk kanunçylyk binýadynyň we amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurtly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda üstünlikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýändigini belläp, Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki saparyň barşynda geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdi. Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Mohamed Said Mohamed Al-Ariki duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde geçiriljek, türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, howa ýollaryny hem yzygiderli ösdürýär. Aşgabat – Dubaý – Aşgabat howa gatnawy ýola goýuldy. 5-nji ýanwarda bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy barha baý many-mazmuna eýe bolýar. Dünýäniň dürli banklary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, BAE-niň iri banklary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Günüň ikinji ýarymynda BAE-niň Prezidentiniň “Al Şati” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.
BAE-niň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz bu gezekki saparyň biziň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýaňy-ýakynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly hem-de ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.
Ynanyşmak, dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar. Umumy pikire görä, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitet hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen-emirlikler ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hem kesgitlenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar bar.
Gahryman Arkadagymyz geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze, anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi. Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli karara gelindi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň Prezidenti mähirli hoşlaşyp, ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.