2022-nji ýylyň “Namibiýa gözeli” derejesiniň eýesi Kassia Şarpli Respublikada geçiriljek Prezident saýlawlarynda öz dalaşgärligini hödürlemek niýetiniň bardygyny aýtdy. Bu barada ýurduň “The Namibian” gazeti habar berdi.
Neşir Namibiýada döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäriň 35 ýaşdan kiçi bolup bilmejekdigini ýatladýar. Şarpli bolsa 23 ýaşynda. Ýurtda nobatdaky Prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilmeli.
Şarpli eýýäm muşdaklaryndan syýasy karýerasynyň gidişini yzarlamak üçin jemgyýetçilik ulgamlarynda öz akkauntyna ýazylmagyny sorady. Ol “deňhukuklylyk we adalatlylyk esasynda” prezidentlige dalaşgär bolmak isleýändigini aýtdy. Onuň kakasy SWAPO dolandyryjy partiýasynyň abraýly agzasy Marson Şarpli gyzynyň gowy bilim alandygyna we syýasatdan baş çykarýandygyna ynanýar.
– Elbetde, meniň ýeňiş gazanjakdygyma ynamym az – diýip, gyz boýun aldy. – Ýöne men ýaş zenan hökmünde, düýpli üýtgeşmeler amala aşyrmak üçin ýurda edýän täsirime ynanýaryn. Bizde ýeterlik baýlyk-da, zähmet rezerwleri-de bar, ýöne häzirki dünýäde üstünlik gazanmagyň nämäni aňladýandygyna düşünýän nesil üçin maýa goýumlaryny çekmek we iş ýerleri döretmek üçin gyssaglylyk duýgusy ýeterlik däl – diýip, Kassia Şarpli aýtdy.
Gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi Namibiýanyň ilatynyň (2,6 million adam) 43%-iniň garyplykda ýaşamagyny kabul ederlikli däl hasaplaýar. Prezident wezipesine saýlanan halatynda ol ýaşlary ýurdy ösdürip biljek taslamalaryň durmuşa geçirilişine çekmegi maksat edinýändigi belledi.