6-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek meseleleri barada hasabat berdi.
3-8-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, 15-20-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de 19-njy aprelde bu ýokary okuw mekdebinde informatika dersi boýunça meýilleşdirilýän bäsleşigiň çäklerinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de halkara bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek babatynda toplanylan tejribä daýanyp, şol olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Italiýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň, şeýle hem beýleki birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Bu halkara olimpiadalarda ýeňiji bolan talyplary dürli derejeli medallar we diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.