Fransiýanyň Premýer-ministri Elizabet Born wezipesinden çekildi. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron X (öňki “Twitter”) -de habar berdi.
Bornyň işinden çekilmegi baradaky haýyşyny kabul eden döwlet Baştutany, “yhlasy we tutanýerliligi” üçin oňa hoşallyk bildirdi.
Ýeliseý köşgünde bellenişi ýaly, Elizabet Born täze hökümet gurulýança Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary bilen birlikde wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirer.
Born işinden çekilmek baradaky ýüzlenmesinde meýilleşdirilen reformalary dowam etdirmegiň tarapdarydygyny aýtdy.
Mundan öň BFMTV teleýaýlymy 34 ýaşly bilim ministri Gabriel Attaly Bornyň mirasdüşeri diýip atlandyrdy. Bu barada entek resmi tassyklama ýok.
Born 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri Fransiýanyň Ministrler kabinetine ýolbaşçylyk edýär.