Milli astronomiýa jemgyýetleri dünýäniň köp ýurtlarynda bar, ýöne olaryň iň gadymysy 1820-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Londonda döredilen Angliýanyň Korollyk astronomiýa jemgyýetidir. Jon Gerşel we şol döwrüň beýleki görnükli astronomlary şeýle jemgyýeti döretmegiň başyny başladylar.