Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly durmuş-ykdysady strategiýa döwlet berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ygtybarly ýoly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan oňyn netijeler hem aňryýany bilen görkezýär.
Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň ortaça 6 göterim möçberde saklanmagy ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylýandygynyň görkezijisidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, müşderilere hödürlenýän bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ulaglar pudagynyň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmäge, ilata edilýän ýolagçy hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berýär. Şoňa görä-de, ähli amatlyklary bolan häzirki zaman «Boeing» kysymly uçarlary, demir ýol teplowozlaryny we wagonlary, awtobuslary we ýeňil awtoulaglary satyn almak, «Kerki–Ymamnazar–Akina» halkara demir ýolunyň, «Gyzylgaýa–Bereket–Etrek» demir ýolunyň ugrundaky Bereket we Serhetýaka stansiýalarynyň, «Aşgabat–Bereket–Türkmenbaşy» demir ýolunyň aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de halkara derejeli ýolagçy awtomenziliniň gurluşyklaryny, başga-da ençeme iri desgalary maliýeleşdirmek işleri ýeňillikli bank karzlaryň hasabyna üpjün edildi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň hilini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine çykarmak we milli pulumyzyň hümmetini ýokarlandyrmagy üpjün etmek ykdysady ösüşimiziň häzirki tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmekde hususy pudagyň hem orny uludyr. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde, bu ulgamda düýpli öňegidişlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Geçen ýyl telekeçilerimiziň oba hojalyk önümleriniň eksportyndan gazanan peýdalary 135 million amerikan dollaryna ýetdi. 2023-nji ýylda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan 9 azyk, 11 oba hojalyk ugurly önümçilik kärhanalary işe girizildi. Türkmen telekeçileri pomidor eksportunda hem görnetin ösüşler gazandy. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasynyň Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana pomidor hasylynyň 439 tonnasyny eksport edendigini görkezmek bolar. Mundan başga-da, köp sanly türkmen telekeçileri özleriniň önümlerini daşary ýurt bazaryna çykarýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da belende galýandygynyň subutnamasydyr.
Kakageldi BUGRAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maliýe-ykdysady bölüminiň müdiri, baş hasapçy.