Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de bilim ulgamyny has-da ös­dür­mek, oňa san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şun­da hü­när­men­le­riň bi­lim de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy­na, iş­le­riň yl­myň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan bi­lim öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, kä­mil hü­när­men­ler taý­ýar­la­nyl­ýar.
Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da­ky öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de ta­lyp­la­ryň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki üs­tün­li­gi­ni has-da ber­kit­mek, ola­ryň al­ýan bi­lim­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­le­ri üçin dür­li hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki bi­lim olim­pia­da­la­ry ge­çi­ril­ýär. Şeý­le olim­pia­da­la­ry «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem do­wam et­dir­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, 3–8-nji mart­da Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da IV Açyk hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­ny, 15–20-nji ap­rel­de Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­tin­de II Açyk hal­ka­ra in­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­ny, 19-njy ap­rel­de bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de in­for­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ril­ýän bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ta­lyp ýaş­la­ryň yl­my ga­ra­ýyş­la­ry» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty we ser­gi­ni ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Bu iri hal­ka­ra bi­lim bäs­le­şik­le­ri­ne Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Be­la­ru­suň, Ita­li­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň, beý­le­ki bir­nä­çe döw­let­le­riň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň hem iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­na ga­ra­şyl­ýar.
Uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nen Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hem ýur­du­myz­da bir­nä­çe bi­lim bäs­le­şik­le­ri gu­ral­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da 2023-nji ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tyn­da ma­te­ri­al­la­ryň gar­şy­ly­gy der­si bo­ýun­ça ikin­ji hal­ka­ra Açyk in­ter­net olim­pia­da­sy­ny, 27-nji mart–1-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­tyn­da na­za­ry me­ha­ni­ka der­si bo­ýun­ça ikin­ji Açyk hal­ka­ra olim­pia­da­sy­ny hem-de 12-13-nji ap­rel­de Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da iň­lis di­li der­si bo­ýun­ça ikin­ji hal­ka­ra in­ter­net olim­pia­da­sy­ny ag­za­mak bo­lar.
Umu­man, ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän bi­lim ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra olim­pia­da­lar ta­lyp­la­ryň al­ýan bi­lim­le­ri­ni hal­ka­ra de­re­je­sin­de öz­leş­dir­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry aý­ry-aý­ry­lyk­da da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ders bäs­le­şik­le­ri­ne hem yzy­gi­der­li gat­naş­ýar­lar.

Aý­bö­lek KE­RI­MO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.