Şu ýylyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde iki günlük iş saparynda boldy. Uly üstünliklere beslenen saparyň çäklerinde birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.
Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Dürli ugurlarda, şol sanda işewürlik düzümi boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Emirligiň işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge gyzyklanmasy artýar.
Geçen ýyllarda Milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirliklerine hem-de BAE-niň Baştutanynyň ýurdumyza bolan resmi saparlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge giň mümkinçilikler döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylyň awgustynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan sapary hem-de BAE-niň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň fewralynda ýurdumyza bolan jogap sapary türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda möhüm sahypalar boldy.
Ýakyn taryha ser salsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda we 2023-nji ýylyň dekabr aýynda BAE bolan saparlary, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýylyň fewral aýynda amala aşyran resmi sapary iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işine uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň gorlary boýunça dünýäniň gurply döwletleridir. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň öňden gelýän esasy hyzmatdaşlaryndan «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy göz öňünde tutuldy. Şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasy bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň, şeýle hem Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) bilen bilelikde «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyryny hem-de metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. «Dragon Oil» kompaniýasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, kompaniýa Çelekeniň golaýyndaky geljegi uly üç ýatagy özleşdirip başlar. Bu iri kompaniýa ýurdumyzda 2000-nji ýyldan bäri Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk esasynda iş alyp barýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň Türkmenistanda 2 müňden gowrak işgäri bar.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň saparynyň çäklerinde raýat awiasiýasy ulgamynda «Dubai Aviation Corporation» (Flydubai) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalyp, degişli ylalaşyga gol çekildi. Bu iri awiakompaniýa ýurdumyza uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Mundan başga-da, geljekde uçarmanlary taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň awiasiýa ulgamy bilen netijeli hyzmatdaşlyk eder. Kompaniýanyň hünärmenleri «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hünärmenlerine «Boeing 737» kysymly uçarlary dolandyrmak boýunça tejribelerini paýlaşarlar.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Bae söwda-ykdysady gatnaşyklary hem ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. 2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard 300 million dollara (nebit däl söwda) barabar bolup, bu ugurda 49 göterimlik ösüş gazanyldy. Ýakyn geljekde bu görkezijini 2 esse artdyrmak maksat edinilýär.
Iki ýurduň arasynda ylym-bilim we sport ulgamynda hem hyzmatdaşlyklar ösdürilýär. BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky diplomatik akademiýasynyň wekiliýeti Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Türkmen-emirlikler» kitaphanasyny açdy. Şeýle hem bu diplomatik akademiýa ýurdumyzyň Halkara gatnaşyklary instituty bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ýaş türkmen diplomatlarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda hem degişli işleri geçirýärler.
Guwanç MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.