Argentinaly super ýyldyz futbolçy, häzirki wagtda karýerasyny “Inter Maýami” toparynda geçirýän Lionel Messiniň baýrak kolleksiýasyndaky sylaglarynyň sany artmagyny dowam edýär. Angliýanyň paýtagty Londonda geçirilen “The Best FIFA 2023” baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. Fransiýaly ozalky meşhur futbolçy Tierri Anri bilen britaniýaly tanymal alypbaryjy Reşmin Çowdhuriniň bilelikde alyp baran dabarasyna futbolyň öňki-soňky ýyldyzlary, tälimçiler, klublaryň ýolbaşçylary, FIFA-nyň resmi adamlary we beýlekiler gatnaşdylar.

Dabaranyň iň esasy baýragy mälim edilende, bukjadan geçen ýylky ýaly ýene-de Lionel Messiniň ady çykdy. Şunlukda, 2016-njy ýyldan bäri “The Best FIFA Awards” ady bilen gowşurylyp gelinýän bu baýragy argentinaly ýyldyz bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek eýelemegi başardy. FIFA Messini 2019-njy ýylda-da ýylyň futbolçysy saýlapdy. Messi 48 ses alyp, edil özi ýaly 48 ses alan norwegiýaly Erling Holanndan hem-de 35 ses alan fransiýaly Kilian Mbappeden öňe saýlandy. Messi dabara gatnaşman, baýragy onuň adyndan Tierri Anri aldy.

Messi geçen 2023-nji ýylda PSŽ bilen Fransiýanyň çempionlygyny gazanyp, şol sanda “Inter Maýami” topary bilenem “Leagues Cup”-y gazanypdy.

2023-nji ýylyň iň gowy zenan futbolçysy diýlip “Barselona” toparynyň ispaniýaly ýyldyzy Aitana Bonmati saýlandy. Ol kolumbiýaly Linda Kaisedo bilen watandaşy Jenni Hermosony yzda galdyrmagy başardy.

Ýylyň erkek tälimçisi baýragyna “Mançester Siti” toparynyň ispaniýaly tälimçisi Pep Guardiola laýyk görüldi. Bassyr 2 gezek 3-nji ýeri eýelän Pep Guardiola bu baýragy ilkinji gezek aldy.

Ýylyň zenan tälimçisi baýragy ýene-de Sarina Wigmana gowşuryldy. Angliýanyň milli ýygyndysynyň niderland tälimçisi bassyr 2-nji, umumylykda 4-nji sapar bu hormata laýyk görüldi.

Bir şäheriň klublarynda çykyş edýän derwezeçiler FIFA tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowulary diýlip saýlandy. Erkekleriň arasynda “Mançester Sitiniň” braziliýaly derwezeçisi, zenanlaryň arasynda-da “Mançester Ýunaýtediň” angliýaly derwezeçisi Meri Irp baýraga mynasyp boldy.

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň “FIFA Fair-Play” baýragy bilen sylaglanan dabarasynda iň owadan gol berilýän Puşkaş baýragy braziliýaly Gilerme Madruga gowşuryldy. “Botafoga SP” toparynyň futbolçysynyň 2-nji ligada “Noworizontino” klubunyň derwezesinden uzakdan geçiren üstaşyr goly iň owadan gol diýlip saýlandy.

Ajaýyp karýera üçin FIFA-nyň ýörite baýragy bu gezek braziliýaly meşhur zenan futbolçy Marta gowşuryldy.

FIFA hem-de FIFPRO hem erkeklerde, hemem zenanlaryň ýylyň simwolik ýygyndysyny saýlady.

Erkekler: Tibo Kurtua – Ruben Diaş, Jon Stounz, Kaýl Wolker – Jud Bellingam, Kewin de Bruýne, Bernardo Silwa – Winisius Junior, Kilian Mbappe, Erling Holann, Lionel Messi

Zenanlar: Meri Irps – Lusi Bronz, Olga Karmona, Aleks Grinwud – Ella Tun, Keira Wolş, Aitana Bonmati – Lauren Jeýms, Säm Kerr, Aleks Morgan, Alessia Russo