Göz – dünýäň aýnasy, kalbyň nurudyr. Älem dek giň gözümiz bilen dünýäni görýäris. Gözi goramak üçin iýmitlenmegiň hem düzgüni bar. Şonuň üçin hem göz damarlaryny berkidiji iýmitleri iýmek has peýdalydyr. Gözümizi Gün şöhlesinden goramak ilkinji berjaý edilmeli düzgünleriň biridir. Aşakdaky hödürlenen maşklar berjaý edilse, gözüň we beýniniň nerw öýjükleriniň ýadawlygynyň aýrylmagyna kömek eder.
Gözüň ýadawlygyny aýyrmak üçin maşklar:
Gözüňizi ýumup, maňlaýy, gaşlaryň ýokarsyny, çekgäni barmaklaryň bilen başam barmakdan süýem barmaga tarap aýlawly hereket etmeli. Eliň aýasy bilen göz bäbeneginiň üstüne ýuwaşlyk bilen basyp owkalamak göz damarlarynyň gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
Kompýuterde işlenende, kitap okalanda ýa-da telewizor görlende her 30-40 minutdan 5-10 minutlyk arakesme etmeli. Esasan hem, çagalar kompýuterde ýa-da telefonda oýun oýnap, köp oturýarlar. Netijede, gözüň akkomodasion myşsalaryna agram düşýär we çagalaryň doly bekemedik gözlerinde şowakörlük (miopiýa) emele gelýär. Kompýuterde uzak wagtlap işlemegiň netijesinde göz ýadap, gyzarýar. Kompýuterde işlenende göz ortaça 3 esse seýrek gyrpylýar. Netijede, gözler guraksy bolup ugraýar, şonuň üçin gözüň ýadawlygyny aýyrýan maşklary ýerine ýetirmegi endik etmeli.
Daş aralyga ünsli seredip, birden gysga aralyga seretmeli. Bu maşky her gün gaýtalamaly.
Göz bäbenegini ýokaryk-aşak, soňra saga-çepe hereketlendirmeli. Bu maşk gözi ýeterlik mukdarda çyglandyrýar.
Kitap okalanda gözden 30 sm, monitorda işlenende, 50-70 sm araçägi saklamaly. Monitor gözden 8-10 sm aşakda bolmaly. Eger monitor gözüň deňinde ýa-da ýokarda bolsa, göz almasynyň nemli we buýnuz bardalary çalt guraýar. Göz ýadaýar we ýaşaryp, gyzaryp, agyryp başlaýar.
Ýüzin ýa-da arkan ýatyp okamak maslahat berilmeýär. Şeýle ýagdaýda göz bilen ýazgynyň araçägi üýtgäp durýar we gözüň akkomodasion myşsalaryna agram düşýär.
Gözi goramak üçin iýmit düzgünlerini berjaý etmeli. Düzüminde damarlary berkidiji maddalary, A, B, С witaminleri saklaýan balyk, bagyr, böwürslen, gara smorodina, şugundyr, käşir, kelem, garaly, gök sogan ýaly önümleri köpräk iýmeli.
Gözüňizi bar güýjüňiz bilen ýumup, 30 sekuntdan soňra giňden açmaly. Bu maşky her gün 4 gezek gaýtalamaly. Soňra barmagyňyzy ýokaryk-aşak hereket etdirip, gözüňiz bilen süýem barmagyň ujuna seretmeli.
Göz almasynyň ýüzi gözüň ýaşy bilen öllenip durmaly. Görmäge diňe göz däl, eýsem, beýni hem gatnaşýar. Şonuň üçin hem görüş ýitiliginiň dürli bozulmalarynda kellagyry, şekilleriň goşalanmagy, ýadawlyk, gaharjaňlyk ýüze çykýar. Göz bäbenegi guramaz ýaly, goraýjy, arassalaýjy we çyglandyryjy göz damjalaryny ulanmak maslahat berilýär.
Merdanguly ŞAGULYÝEW,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkeziniň göz rekonstruktiw amallary bölüminiň müdiri.