26-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Paýtagtymyzdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu günki gün Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşýändigini belledi. Paýtagtymyzda ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bag-bossanly künjekde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, onuň ak şäherimiziň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.