1886-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda nemes inženeri Karl Benz benzin ýangyjy bilen işleýän ilkinji awtoulagy işläp taýýarlaýar. Onuň işläp taýýarlan üç tigirli “Benz Patent Motorcar” (Patentli motoulag) atly ulagy şol döwürlerde durmuşa geçirilýän taslamalaryň arasynda iň gowy netije berýäni bolýar. Tigirleri welosipediňkä meňzeş bolan bu ulag gündelik durmuşda ulanmaga amatly, nebitden alnan ýangyç bilen (benzin) işleýän ilkinji hereketlendirijili ulag hasaplanýar. Şol döwürler adatça işlenip taýýarlanan hereketlendirijiler at arabalaryna ýa-da welosipedlere oturdylyp, motoulag ýasalypdyr. Ulaga patent alnandan gysga wagtdan soňra köpçülige görkezilýär hem-de önümçiligi ýola goýulýar. Benz soňky ýyllarda işläp taýýarlan motoryny we awtoulagy kämilleşdirmegini dowam etdirýär.