1884-nji ýylyň 1-nji fewralynda iňlis dilindäki iň ýaýran we ygtybarly gollanma hasaplanýan ilkinji Oksford sözlüginiň (Oxford English Dictionary) birinji jildi (A-dan Anta çenli) çap edilýär. Şol döwürden bäri barha ösýän bu dile täze girizilen sözlere hem düşündiriş berýän sözlük diňe iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin däl, ene dili iňlisçe bolanlar üçin zerur gollanma hasaplanýar. Dürli göwrümdäki nusgalary bolan sözlükde iňlisçe sözleriň dünýäniň haýsy sebitinde näme manyda ulanylýandygy hem görkezilýär.