1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Eýranyň Mazenderan welaýatyndaky Ramsar şäherinde «Suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýa» gol çekilýär. Ramsar konwensiýasy ady bilen belli bolan bu halkara resminama, esasan, suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerleriň goralyp saklanmagyny maksat edinýär. Bu Konwensiýa ilkibaşda 18 döwlet gol çekýär. Konwensiýa goşulan ýurtlaryň sany 2000-nji ýylda 119-a, 2020-nji ýylda 171-e ýetýär. Halkara ähmiýetli Ramsar sanawyna girizilen ýerleriň umumy meýdany hem-de sany yzygiderli artdyrylýar. Suw-batgalyk ýerleri köp sanly göçegçi guşuň düşleýän, iýmitlenýän, köpelýän ýerleri hökmünde hyzmat edýär.