Tolkunyň emele gelmegine, esasan, ýel täsir edýär. Şemalyň uzak wagtlap öwüsmegi bilen deňizdir ummanlarda «çişler» emele gelip, suw akymlarynda energiýa ýygnanýar. Şemal näçe giň meýdanly suwa täsir etse, energiýa hem şonça köp ýygnanyp, has uly tolkunlar emele gelýär. Aýyň dartyş güýjüniň artmagy ýa-da azalmagy hem suwy özüne çekip, tolkunlary emele getirýär. Kenarýakadan bat alýan tolkunlaryň deňziň ýa-da ummanyň has çuň ýerine baranda tizligi haýallap, beýikligi ýokarlanýar. Iň uly tolkunlaryň beýikligi 25 metre ýetýär. Uly tolkunlar kiçi tolkunlara görä has çalt hereket edýär. Tolkunlaryň hereketi dürli ugra bolsa-da, hemmesi birigip, kenara urýar. Deňziň kenaryndaky çägeli depeleri we käbir kiçiräk adalary tolkunlar emele getirýär.