Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda futbolyň 2 super ýyldyzynyň häzirki klublary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ýagny Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al-Nassr” topary bilen Lionel Messiniň çykyş edýän “Inter Maýami” topary duşuşdy. Ronaldo şikesi sebäpli meýdançada bolman, ol tribunada duşuşyga tomaşa etdi. Messi bolsa oýna ätiýaçdan başlady. 12 minutda 3 gol geçiren “Al Nassr” topary 2-nji ýarymda-da 3 gol geçirip, 6-0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. Duşuşykda “Al Nassryň” gollarynyň 3-sini Talişka geçirip, ol 10-njy, penaltiden 51-nji hem-de 73-nji minutlarda tapawutlandy.

Beýleki gollary-da 3-nji minutda Otawio, 12-nji minutda uzak aralykdan Laport hem-de 68-nji minutda Maran derwezä girizdi. Lionel Messi bolsa duşuşygyň 83-nji minutynda meýdança girdi.

Riýad Möwsüm Kubogy ady bilen geçirilýän bu ýoldaşlyk bäsleşiginde “Inter Maýami” topary “Al Hilal” toparyndan 4-3 hasabynda utulypdy.

Bäsleşigiň çägindäki soňky duşuşykda-da penşenbe güni “Al Hilal” bilen “Al Nassr” toparlary duşuşarlar.