Kot-d’Iwuarda dowam edýän 34-nji Afrika Milletler Kubogynda ilkinji 2 ýarym finalçy belli boldy. Nigeriýa bilen Angolanyň arasyndaky çärýek final duşuşygynda ýeňijini ýeke gol kesgitledi. Şol arzyly goly-da 41-nji minutda Saýmonyň pasyndan soň Ademola Lukman geçirdi. Ol mundan öňki tapgyrda-da Kamerunyň derwezesinden 2 gol geçirip, toparyny çärýek finala çykarypdy. Şunlukda, Nigeriýanyň ýygyndysy 16-njy gezek ýarym finala çykdy. 3 çempionlygy bolan Nigeriýanyň ýygyndysy 4 gezek finalda utulyp, 8 sapar hem bürünç medaly eýeledi.
Ýene bir ýarym finalçy-da Kongo DR-niň ýygyndysy bolup, yklymyň 2 gezek çempiony çärýek finalda Gwineýany 3-1 hasabynda ýeňdi. Baýonyň 20-nji minutdaky penalti goly bilen öňe geçen Gwineýanyň derwezesinden ýeňiş gollaryny 27-nji minutda Mbemba, 65-nji minutda penaltiden Wissa hem-de 82-nji minutda Masuaku geçirdi. Kongo DR 6-njy gezek ýarym finalda oýnar.
Çärýek finalyň galan 2 duşuşygy Mali bilen Kot-d’Iwuar (20:00) hem-de Kabo Werde bilen Günorta Afrika (01:00) şu gün agşam geçiriler.
7-nji fewralda oýnaljak ýarym finalda Nigeriýanyň ýygyndysy Kabo Werde ýa-da GAR bilen duşuşsa, Kongo DR-niň garşydaşy Mali ýa-da ýer eýeleri Kot-d’Iwuar bolar.
Final duşuşygy 11-nji fewralda oýnalar.