«Awtopotok» Belarusyň geljegi uly bolan uzak aralyga hereket edýän «MAZ-X» ýük ulagynyň salonyny görkezdi. Bu suratlar ulagyň daşky görnüşini işlän «UNIMO» tarapyndan taýýarlanyldy.

Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, sag tarapynda süýşürilip açylýan ýekeje gapysynyň bolmagydyr. Uzak aralyk üçin niýetlenen awtoulagyň sürüjisiniň ulaga ýygy-ýygydan münüp-düşmeýändigini göz öňünde tutsak, şeýle çözgüdiň durmuşa geçirilmäge ýakyndygyny aýtmak ýerlikli bolar.

Kabina pesde bolup, siz oňa bary-ýogy bir ädimde girip bilersiňiz. Sürüjiniň orny hem pesde ýerleşýär. Kabinanyň içinde köp mümkinçilikleri özünde jemleýän çözgütler bar. Mysal üçin, aşakda ýerleşýän ýatmak üçin niýetlenen orun nahar stoluna öwrülýär ýa-da oturylýan orunlary artdyrýar. Mundan başga-da, gap-gaç, kofe enjamlary üçin çekilýän aýratyn stol we mikrotolkun bar.