Belli sowet kinorežissýory Aleksandr Serynyň režissýorlugynda surata düşürilen “Şowlulygyň jentelmenleri” komediýasy Russiýanyň “Mosfilm” kinostudiýasynyň bütin taryhynda iň gowy film hökmünde öňe saýlandy. Bu film “Mosfilm. Altyn toplum” teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan sanawda birinji orny eýeledi diýip, “Rambler.ru” web saýty ýazýar.

Wiktoriýa Tokarewanyň we Georgiý Daneliýanyň ssenarisi esasynda 1972-nji ýylda Aleksandr Seriý tarapyndan surata düşürilen bu filme 65 million adam tomaşa etdi. Ikinji, üçünji we dördünji orunlara Leonid Gaýdaýyň “Göwher el”, “Y operasiýasy” we “Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär” filmleri mynasyp görüldi.

Ilkinji bäşligi Wladimir Menşowyň “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” atly Oskara eýe bolan melodramasy jemledi. Onluga şeýle hem “Kawkaz ýesiri ýa-da Şurigiň täze başdan geçirmeleri”, “Durnalar uçýar”, “Potýomkin bronenosesi”, “Gyzlar”, “Gulluk söýgüsi” hem-de “Barda gör” atly filmler girdi.

Sanaw 12 sany neşiriň we onlaýn-gulluklaryň, sowet döwrüniň kinoprokatynyň öňdebaryjylarynyň hem-de “Sowet ekrany” žurnalynyň ýylyň iň gowy filmleriniň sanawlary esasynda taýýarlandy.