Tür­ki­ýä­niň sta­tis­ti­ka eda­ra­sy ilat sa­ny ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rat­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen ýyl ýur­duň ila­ty ar­typ­dyr, ila­tyň ar­tyş tiz­li­gi soň­ky 15 ýy­lyň iň pes de­re­je­si­ne dü­şüp­dir. 2023-nji ýyl­da ýur­duň ila­ty 92 müň 824 adam kö­pe­lip, 85 mil­li­on 372 müň 377-ä ýe­tip­dir. Ýur­duň iň köp ilat­ly şä­he­ri bo­lan Stam­bu­lyň ila­ty bol­sa, 252 müň adam aza­lyp­dyr. Ýurt­da ila­tyň ar­ty­şy müň­den 1,1 bo­lup­dyr. Ýur­duň ila­ty­nyň 42 mil­li­on 734 müň 71-si er­kek­ler, 42 mil­li­on 638 müň 306-sy aýal-gyz­lar bo­lup­dyr. Baş­ga söz bi­len aý­dy­lan­da ila­tyň 50,1 gö­te­ri­mi­ni er­kek­ler, 49,9 gö­te­ri­mi­ni ze­nan­lar eme­le ge­ti­rip­dir. Ýurt­da ýa­şa­ýan da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny bol­sa, 2022-nji ýyl­da­ky­dan 253 müň 293 adam aza­lyp, 1 mil­li­on 570 müň 543 bo­lup­dyr. Da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň 48,6 gö­te­ri­mi­ni er­kek­ler, 51,4 gö­te­ri­mi­ni ze­nan­lar eme­le ge­ti­rip­dir.
Ýurt­da ila­tyň ar­tyş tiz­li­gi 2022-nji ýyl­da müň­den 7,1 bo­lan bol­sa, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl müň­den 1,1 bo­lup­dyr.
Ge­çen ýyl Stam­bu­lyň ila­ty 15 mil­li­on 655 müň 924 adam bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji­niň ýur­duň ila­ty­nyň 18,34 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Paý­tagt An­ka­ra­nyň 5 mil­li­on 803 müň 482, ke­nar­ýa­ka Iz­mir şä­he­ri­niň 4 mil­li­on 479 müň 525, Bur­sa­nyň 3 mil­li­on 214 müň 571 we sy­ýa­hat­çy­lyk paý­tag­ty ha­sap­lan­ýan An­tal­ýa­nyň 2 mil­li­on 696 müň 249 ila­ty­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di.
Ça­ga dog­lu­şy­nyň azal­ma­gy, or­ta­ça ýa­şyň uzal­ma­gy se­bäp­li ölüm­le­riň hem azal­ma­gy ne­ti­je­sin­de uly ýaş­ly ila­tyň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy hem bel­le­nil­di. Şeý­le­lik­de, ýurt­da ila­tyň or­ta­ça ýa­şy 34 diý­lip kes­git­len­di. Bu gör­ke­zi­ji 2022-nji ýyl­da 32,5 bo­lup­dyr. Ila­tyň or­ta­ça ýa­şy diý­lip, tä­ze dün­ýä inen bä­bek­ler­den iň gar­ry ila­ta çen­li ter­ti­be dü­zü­len­de or­ta­da gal­ýan ýa­şa aý­dyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Or­ta­ça ýaş ýur­duň ila­ty­nyň ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­na ba­ha ber­mek­de ula­nyl­ýan esa­sy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Or­ta­ça ýa­şyň er­kek­ler­de, 32,8-den 33,2-ä çy­kan­dy­gy, ze­nan­lar­da bol­sa, 34,2-den 34,7-ä ýe­ten­di­gi bel­le­nil­di.
Ça­ga­lar azal­dy, gar­ry­lar kö­pel­di
Iş­le­mä­ge ukyp­ly ra­ýat­la­ryň sa­ny ba­ra­da hem mag­lu­mat be­ril­di. 15-64 ýaş ara­ly­gy­ny öz içi­ne al­ýan ila­tyň bu gat­la­gy 2007-nji ýyl­da umu­my ila­tyň 66,5 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­ren bol­sa, ge­çen ýyl 68,3 gö­te­ri­me ýe­tip­dir. Ça­ga ha­sap­lan­ýan 14 ýa­şa çen­li ila­tyň möç­be­ri 26,4 gö­te­rim­den 21,4 gö­te­ri­me çen­li aza­lyp­dyr. 65 we on­dan uly ýaş­ly ila­tyň möç­be­ri bol­sa 7,1 gö­te­rim­den 10,2 gö­te­ri­me çy­kyp­dyr.
Müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­na nä­çe ila­tyň düş­ýän­di­gi ba­ra­da hem mag­lu­mat taý­ýar­la­nyp­dyr. Ýur­duň çä­gin­de bir ine­dör­dül ki­lo­metr ýer­de or­ta­ça 111 adam ýa­şa­ýan bol­sa, Stam­bul­da bir ine­dör­dül ki­lo­metr 3 müň 13 adam düş­ýär.